Sepleriň elýeterliligi

Somali: Myhmanhana hüjüm edildi


“Al-Kaýda” bilen ilteşikli “Al-Şabaab” topary

“Al-Kaýda” bilen ilteşikli “Al-Şabaab” topary

Somaliniň paýtagty Mogadişuda yslamçy jeňçileriň bir myhmanhana eden hüjüminde birnäçe adam öldürildi.

“Sahafi” myhmanhanasyna edilen hüjümiň jogapkärçiligini “Al-Kaýda” bilen ilteşikli “Al-Şabaab” topary öz üstüne aldy.

Ýerli howpsuzlyk güýçleriniň berýän maglumatyna görä, janyndan geçen bir hüjümçi özüni myhmanhananyň girelgesiniň öňünde partladyp, söweşijileriň ýene biri adamlary ýaragdan atyp başlapdyr.

Polisiýa başlygy wakada azyndan dokuz adamyň öldürilendigini, 10 töwereginiň hem ýaralanandygyny habar berdi.

“Al-Şabaab” toparynyň jeňçileri Somaliniň hökümetine garşy hereketleri alyp barýar.

XS
SM
MD
LG