Sepleriň elýeterliligi

Dhakada neşirýatçy öldürildi


Dhaka

Dhaka

Bangladeşiň paýtagtynda dünýewi kitaplaryň neşirýatçysy pyçaklanyp öldürildi. Dhakada amala aşyrylan başga-da hüjümlerde dünýewi makalalary çap edýän iki blogger ýaralandy.

Polisiýanyň berýän maglumatyna görä, Jagriti Prokaşoni neşirýatynyň başlygy Faisal Arefin Deepanyň pyçaklanan jesedi öz öýünde, ikindinara tapylypdyr.

Mundan öň, Şudhdhoswar neşiriýatynyň iki bloggeri hem näbelli hüjümçiler tarapyndan pyçaklandy. Pidalar keselhana ýerleşdirildi.

Hüjümleriň jogapkärçiligini häzirlikçe hiç kim öz üstüne almady. Emma mundan ozal şuňa meňzeş hüjümleri ýerli “Ansarullah Bangla” atly yslamçy topar amala aşyrypdy.

XS
SM
MD
LG