Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Gyzlaryň gymmat "abraýy"...


Illýustrasiýa suraty
Illýustrasiýa suraty

Gyzlaryň öz abraýyny goramagynda medisina nähili rol oýnaýar? Döwrebap tehnologiýanyň hasam kämilleşmegi bilen gimenoplastika, gyzlygyň gaýtadan dikeldilmegi ýaly operasiýalar barasynda indi seýrek gürrüňler eşidilmeýär. Russiýada plastiki hirurgiýa hyzmatlaryndan iň köp peýdalanýanlar bolsa migrantlardyr. Meselem, Gyrgyzystanda şeýle bejerginiň bahasy dört müňden on müň soma çenli baryp ýetýän bolsa, ors hassahanalarynda bu baha sekiz müň somdan başlaýar.

Perişte atly zenan durmuşa çykmazdan owal gimenoplastika operasiýasy bolmak isläpdir:

- Moskwa mundan bäş-alty ýyl owal gelipdim. Men bir ýaş ýigit bilen gezýärdim. Soň ol meni taşlady. Gaty agyr degdi. Ýöne soň men başga bir oglan bilen tanyşdym. Şonda oňa özümiň entegem gyzdygymy aýtdym. Onsoň ol meniň bilen öýlenmegi teklip etdi. Menem yzýanyndan joralarym bilen maslahatlaşyp. gimenoplastika operasiýasy etdirdim. Gyrgyz medisina merkezinde şeýle operasiýany maňa dokuz müň ruble edip berdiler. Men ol operasiýany durmuşa çykmazdan üç gün owal etdiripdim. Soň durmuşa çykdym. Häzir bolsa ynha indi ikinji çagama garaşýaryn. Gowy ýaşaşýarys. Adamym ýagdaýy hiç hili duýmadam, bilmedem...

Bar bolan ýagdaýa garamazdan ýaş çatynjalar maşgala gurup, çaga edipdirler. Perişde atly zenan adamsy birden hakykaty biläýse geçirmlik etmez diýip henizem gorkup ýör.

Häzir şeýle operasiýanyň bahasy sekiz-on müň rublden hem ýokarda. Gyzlyk perdesiniň özüni saklaýan möhleti tölenýän pula we zenanyň hut öz islegine bagly. Şeýle hyzmaty Moskwadaky ähli medisina merkezi hödürleýär diýen ýaly.

Ginekolog Gulzat Akmatowa, sowallara jogap beren mahaly bu ugurda hiç hili kanuna garşy ýagdaýyň ýokdugyny aýtdy:

- Bu plastiki operasiýa. Ol zenanyň öz islegi boýunça edilýär. Haçan-da bir zenan gimenoplastika operasiýa etjek bolan mahaly ilki bilen kimdigini äşgär etmezlik barasynda şertnama gol çekişýär. Ondan soň puly töleýär we operasiýa edilýär. Gyzlar şeýle operasiýany soň äsgermezçikli ýagdaýa duçar bolmazlyk üçin etdirýärler. Bize şeýle operasiýa etdirmek üçin gaty köp gyz ýüz tutýar. Orslar şeýle işe düýbünden ünsem berenoklar. Ýöne şeýle operasiýa etdirmeli bolaýanda-da olar öz ene-atasy bilen gelýärler. Olaryň ene-atalary, dogan-garyndaşlaryň gybatyndan gaçyp şeýle operasiýa etdirýändiklerini aýdýarlar.

Birinji gijeden soň ýaş çatynjalaryň ýorgan-düşeginiň barlanmagy gyrgyzlarda ýörgünli däplerden biridir. Russiýadaky gyzgyzystanly musulmanlarynyň dini geňeşiniň wekili Bakyt Topolonowyň bellemegine görä, şerigatda beýle däp ýok. Onuň aýtmagyna görä, gelin bolan gyzyň gyzlygynyň barlanmagy şerigat bilen däl-de, eýsem halkyň öz yrymlary bilen baglanşyklydyr. Şonuň ýaly-da bu mesele ýaş çatynjalaryň özara şahsy meselesidir.

Bahtiýar Maksutow öz aýaly bilen Moskwada tanyşypdyr. Onuň aýtmagyna görä, ýaş çatynjalar has köp adamyň adamkärçiliginiň hiline seretmelidir:

- Maşgala durmuşynda siziň gozgan temaňyz hiç zady çözmeýär. Ýaş çatynjalar haýsam bolsa başga bir adamlar üçin däl-de, eýsem hut öz şahsy durmuşy üçin birek-biregine sarpa goýup ýaşamalydyr. Meniň özüm hemişe gyzlaryň tarapyny tutýaryn. Sebäbi olaryň köpüsini aldap, olaryň ykbalyny bozýarlar... Haçan-da sen maşgala guran mahalyň seniň çagalaryň dünýä inýär we galan ähli zat ýatdan çykýar. Aňly-düşünjeli adam diňe bagly maşgala gurmaga jan edýär.

Gyrgyzystanda ýagdaý nähili?

Gyrgyzystanda geçen ýyl 9 müň aýrylşan hasaba alynypdyr. Bu ýylyň diňe ilkinji alty aýynda bolsa bu san bäş müňe ýetipdir. Käbir adamlaryň pikrine görä, aýrylyşýanlaryň sanynyň artmagy gyzlaryň köpüsiniň entek durmuşa çykmanka gyzlygyny ýitirýändigi bilen arabaglanşykly. Ine şonuň üçinem plastiki operasiýa durmuşa çykmak isleýän köpsanly gyzlar üçin kyn ýagdaýdan çykalga bolup durýar.

Meergül atly zenan mundan üç ýyl owal alty ýyl ýaşaşan adamsy bilen aýrylşypdyr:

- Meniň adamym ilkinji gijäni ýadyndan çykaryp bilmedi. Hossarlarynyň abraýy üçin ol öz barmagyny kesip, düşege gan çaldy. Men bolsa ol gijäni ýadymdan çykarmaga synanyşdym. Daň atanda öýlenen ýigidiň hossarlary bilen dostlarynyň kürsäp ýatan jaýymyza gidip ýorgan-düşege seredişi we ondan soňam ylgap köça çykyp, jemlenişi henizem ýadymdan çykanok. Adamymam ýadyndan çykarar ýaly men elimden gelenini etdim. Hemişe onuň bir aýdanyny iki gaýtalatmadym. Oňa gaty gowy seretdim. Hemme zady gerdenime çekip, çydadym. Gep-gürrüň bolmaz ýaly men işleýän işimi hem taşladym. Ondan iki ýyl soň çagamyz boldy. Ýöne, adamym her jedelleşikli ýagdaý bolanda maňa şol ýagdaýy ýatlatýardy. Soň ol aýallar bilen gezmäge başlady. Ahyrynda biz aýrylyşdyk. Adamym çagamy öz ýanyna aldy we indi ony görmäme rugsat bermeýär.

Saadat atly zenan bolsa entek mekdep okuwçysyka bir mugallym tarapyndan aldadylypdyr:

- Men durmuşymda gaty ýalňyşdym. Kämahal özümi öldürmek isleýärin. Ýöne ejeme haýpym gelip, goýbolsun edýärin. Biz kakasyz ulaldyk. Men hemişe ene-atasy agzybir bolan maşgalalary görüp, kemsinýärdim. Şonuň üçinem belki ol mugallym hem meniň şeýle ýagdaýymdan öz bähbidine peýdalanan bolmaly. Ol hemişe maňa gowy çemeleşýärdi. Hemişe meni güldürip, keýpimi göterýärdi. Nädip men 11-nji klasda şeýle aldawa düşdüm, özüm henizem muňa düşünip bilemok. Netijede gyzlygymy ýitirdim. Ondan soň ol mugallym meniň bilen gyzyklanmany goýdy. Men häzir 35 ýaşadym. Näçe ýigitler maňa öýlenjek bolup gudaçylyga geldiler. Ýöne men her gezeginde bir bahana tapyp, olary yzyna gaýtardym.

Obalaryň aglabasynda diýen ýaly alynan gelniň gyzdygyny halkyň öňünde subut edip görkezmek däbi ýaýrawlydyr. Şonuň üçinem birden gelin gyz çykmaýsa, onda bu ýagdaýyň elhenç tragediýa öwrülmegi gaty ahmaldyr.

Ýöne blog ýazýan Daniýar Aýtmanyň bu temadaky pikri Gyrgyzystandaky erkek adamlaryň köpüsinden tapawutlanýar:

- Biziň jemgyýetimizde zenanlara çemeleşilşi gaty gözgyny ýagdaýda. Zenanlar gaty köp haksyzlyklara duçar bolýarlar. Gyzlaryň namysy barada men haýsam bolsa başga bir adamyň garaýşyna mätäçlik çekmeýärin we başga adamlaryň bu temadaky pikri meni gyzyklandyranogam. Ýaş ýigitleriň aglaba köpçüligi şol sanda ýokary bilimli bolanlary, obaly ýa-da şäherli tapawudy ýok hemişe gyzlyga uly ähmiýet berýärler. Olar gyzlygy bolmaýan bilen öýlenmek islemeýärler. Ýöne bu ýagdaýa kän ähmiýet bermeýänler hem bar. Men hem şolar ýaly pikir edýärin. Sebäbi bu ýagdaý gyzlaryň içerki dünýäsi, häsiýeti, bilimi we adamkärçiligi bilen arabaglanşykly däl. Şonuň üçinem men "Gyrgyz gyzlary mal däl" atly bir makala ýazdym. Biziň jemgyýetimizde gyz maşgala diňe gyzlygy bolan mahaly sarpa goýulýar.

Içeri işler ministrliginiň hasabatyna görä, geçen ýylyň diňe ahyrky dokuz aýynda 100 ýetginjek jynsy zorluga duçar edilipdir. Bu ýyl bolsa ol san 137 bolupdyr. Olaryň ýüzden ýetmiş bölegi bolsa kämillik ýaşyna ýetmedik gyzlardyr.

XS
SM
MD
LG