Sepleriň elýeterliligi

Gamçymy ýa-da mylaýym söz


Siriýadaky gazagystanly jeňçi Abu Anisa

Siriýadaky gazagystanly jeňçi Abu Anisa

Hökümetiň görýän çärelerine garamazdan terror guramasynyň hataryna goşulýan raýatlaryň sany barha köpelmäge dowam edýär.

Golaýda Özbegistanyň kazyýeti "Yslam döwleti" toparynyň propaganda çagyryşlaryny ýaýraýandygy üçin bir ýetginjegi 9 ýyl azatlykdan mahrum edipdir. Gyrgyzystanyň tanymal bir ymamy hem radikal toparlar üçin adamlaryň aňyny üýtgedýändigi sebäpli tussag edilipdir. Gazagystan bolsa, Siriýada söweşýän gazaklaryň wideolarynyň ýaýradylýan web sahypalaryny petikläpdir.

"Nastoýaşoýe Wremýa", Merkezi Aziýa hökümetleriniň dini radikalizme we ylaýta-da "Yslam döwleti" terror toparyna garşy göreş alyp barýandygyny gürrüň berýär.

Özbegistan çagyryş kagyzlaryny ýaýradany 9 ýyl azatlykdan mahrum etdi

Ýurtda hökümetiň dini ýagdaýy gaty berk tutýandygyna garamazdan, radikal yslam Özbegistanda seyrek duş gelinýän ýagdaý däl. Bu ýylyň başynda Daşkent welaýatynyň iki sany mekdebinde we Buhara şäherinde näbelli adamlar "YD"-niňkä meňzeş gara baýdak asypdyrlar. 2014-nji ýylda hem edil şonuň ýaly bir gara baýdak Daşkentdäki bir köpride asylypdyr.

Golaýda bolsa Özbegistanyň Daşkent welaýatynyň ýaşaýjysy 18 ýaşyndaky Firdaws Salimow mekdepde we koležde "YD"-niň propaganda kagyzlaryny ýaýradandygy sebäpli dokuz ýyl azatlykdan mahrum edilipdir.

25-nji oktýabrda bolsa şol bir wagtyň özünde döwlete degişli birnäçe telekanalda 40 minulyk "Indi gözüm açyldy" atly dokumental film gözkezilipdir. Ol filmde, Salimow öz günäsini boýnuna alýar we hemmelere ejizläp radikal toparlaryň aldawyna düşmezlik barasynda çagyryş edýär.

Filmiň esasyny goýanlar ýetginjegi ylaýta-da Özbegistanda has ýörgünli bolan "Odnoklassniki" atly sosial ulgamdaky ekstremist toparlaryň aldawa salandygyna aýratyn üns çekipdirler. Käbir bilermenleriň bellemegine görä, bu sosial ulgam, "YD" topary üçin adamlaryň aňyny üýtgedýän Merkezi Aziýalylaryň iň täsirli hem gowy görülýän ýeridir.

Ol wakadan birnäçe gün owal bolsa Kaşkandarýa welaýatynda iki sany aýal WhapsApp habarlaşma programmasynyň üsti bilen Özbegistanda halyfatyň döredilmegine çagyryş edilmegi barasynda özara gürrüň edendigi üçin bäş hem ýedi ýyl azatlykdan mahrum edilipdir.

Soňky ýyllarda Daşkent hökümeti ýaşlara oňaýsyz täsir ýetirýändigini öňe sürip, internet tehnologiýasyna we hyzmatlaryna garşy diýseň işjeň metbugat kampaniýasy alyp barýar. Ýöne şeýle çäreler o diýen netije bermeýär. Sebäbi Ýakyn Gündogarda ekstremist toparlaryň hatarynda söweşmäge gidýänleriň aglaba köpçüligini hut Özbegistanyň raýatlary emele getirýär.

Gazagystanda internet sahypalaryň petiklenmegi

Gazagystan bolsa, "YD" howpyna garşy olaryň propagandasyny ýaýradýan internet hyzmatlaryny petiklemek arkaly göreşmegi saýlap alypdyr. Sentýabryň ahyrynda Astana şäher kazyýeti tutuş Gazagystan boýunça "Vimeo" internet wideo sahypasynyň işini doly petikläpdir. Kazyýet, ol internet wideo sahypasyndaky materiallaryň aglaba böleginiň "terrorçylyk bilen dini radikallygy propaganda edýän" aýratynlyga eýedigi sebäpli şeýle karara gelinendigini düşündiripdir.

Takyk bir ýyl mundan owal bolsa ýurduň hökümeti hut şeýle sebäpden ugur alyp, Britaniýanyň tanymal gazeti The Daily Mail bilen gyrgyzlaryň Kloop.kg atly web sahypasyny petikläpdir. Şeýle karar haçan-da "YD" toparynyň hatarynda "jihatçy gazak çagalarynyň" bardygy hakda material çykandan soň kabul edilipdir.

Gazagystan, 150 sany gazak raýatynyň Başar Asada garşy söweşmek üçin öz maşgalalary bilen Siriýa gidendigi barasynda internet sahypalarynda wideolaryň ýaýradylmagyndan soň web sahypalary yzgiderli petiklemäge başlapdyr. Ýöne şeýle çäreler hemişe peýda edip baranok. Geçen hepde Gazagystanyň günortasyndaky Şymkent şäherinde ýaşaýan bir ors dili mugallymynyň öz aýaly we alty çagasy bilen radikal toparlaryň hatarynda söweşmek üçin Siriýa gidendigi mälm edilipdir.

Resmi maglumatlara görä, "YD" toparynyň hatarynda 400=den gowrak Gazagystanyň raýaty söweşýär.

Gyrgyzystan güýç ulanýar

Gyrgyzystanda hem hökümet dini radikallyga garşy gamçy bilen göreş alyp barýar. 7-nji oktýabrda Gyrgyzystanyň Karasuý etrabynyň kazyýeti ýurduň günortasyndaky tanymal ymam Raşodhon Kamalowy bäş ýyl azatlykdan mahrum edipdir.

Ol ymam, bu ýylyň başynda Siriýa gidip söweşmegi üçin adamlaryň aňyny üýtgetmek tagallasyny alyp barmakdan aýyplanyp tussag edilipdir. Soň oňa ýöňkelýän aýyplama "dini duşmançylygy öjükdirmek" we "ekstremist materiallary saklamak hem ýaýratmak" görnüşinde üýtgedilipdir. Ymamyň özi bolsa aýyplamanyň birtaraply syýasy aýratynlyga eýedigini we bilgeşleýin gurnalandygyny aýdypdyr.

Gyrgyzystanyň howpsuzlyk gullugy bu ýylyň iýul aýynda Bişkek şäherinde "YD"-ne degişli bir toparyň ýok edilendigini habar beripdir. Geçirilen howpsuzlyk çäresinde alty adam öldürilipdir we ýedi adam hem tussag edilipdir. Howpsuzlyk gullugunyň wekiliniň aýtmagyna görä, ol adamlar paýtagtda we Kant şäherindäki ors harby howa düşelgesinde terrorçulykly hüjüm gurnamagy göz öňünde tutupdyrlar. Ýöne hökümet tapylan gara baýdakdan daşaryn ol adamlaryň dogrudanam "YD" toparyna degişlidigi barasynda anyk subutnama görkezip bilmändirler.

Şeýle wakalardan birnäçe gün geçensoň internetde "YD" toparynyň ýarym resmi ors propaganda kanaly "Furat media" tarapyndan gyrgyz dilinde düşürilip, taýýarlanan wideo materiallar ýaýradylypdyr. Wideo materialda bir gyrgyz erkek adam Gyrgyzystanyň raýatlaryny radikal toparlaryň hataryna goşulmaga çagyrypdyr.

Dürli hasabatlarda aýan edilmegine görä, Ýakyn Gündogarda ýaragly toparlaryň hatarynda söweşýän gyrgyz raýatlarynyň sany 400-e baryp ýetipdir. Olar, esasanam ýurduň gündogar sebitlerinden gidýänlerdir.

Golaýda aglaba köpçüligi etniki özbeklerden emele gelýän Siriýadaky "Ymam Buhari" atly topar "Merkezi Aziýadan birinji janyndan geçen hüjümçiniň ahyrky pursady" atly bir wideo ýaýradypdyr. Ol wideoda 21 ýaşyndaky gyrgyz raýaty görkezilýär. Ol, Ýakyn Gündogara eklenç üçin giden ýurdy bolan Russiýanyň üsti bilen barypdyr.

Täjigistan: petikleme, tussaglyk we raýatlykdan çykarmak

Bu ýylyň maý aýynda Täjigistan, ýurduň Içeri işler ministrliginiň ýörite tälimli polis goşunynyň serkerdesiniň eden wideo ýüzlenmesi bilen ör-gökden gelipdir. Wideo ýüzlenmede, polkownik Gulmurod Halimow özüniň halyfat üçin söweşmäge Siriýa gidendigini aýan edipdir. Russiýa bilen ABŞ-nda terrorçylyga garşy göreş harby tälimini alan polkownik Halimow öz wideo çykyşynda, Täjigistana "jihat" etmek üçin dolanjakdygy barada hem haýbat atypdyr. Polkownigiň ýany bilen Siriýa ýene birnäçe täjik söweşmäge gidipdir.

Duşanbe hökümeti muňa garşy ilkinji çäre höküminde OMON-ň owalky serkerdesiniň eden çykyşynyň wideolarynyň has çalt ýaýran "Odnoklassniki" we "Wkontakte" atly sosial ulgamlary petikläpdir. Şol bir wagtyň özünde hem Azatlyk Radiosynyň täjik gullugynyň we "Aziýa plýus" atly habar gullugynyň internet sahypalary gadaganlaryň sanawyna girizilipdir. Polkownigiň wideosynyň goýlan "YouTube" internet wideolary sahypasy bolsa ýurtda şol bada doly petiklenipdir.

Ol wakadan soň täjik hökümeti özüniň terrorçylyga we dini radikallyga garşy göreş çärelerini täzeden ýaýbaňlandyrypdyr. Awgust aýynyň başynda Täjigistanyň prezidenti Emomali Rahmon hem, daşary ýurtlarda terrorçylykly toparlaryň hatarynda söweşýänleriň raýatlykdan çykarylýandygy baradaky permana gol çekipdir. Şeýle kanunyň çykmagynyň yzýanyndan bolsa Nurek we Şahrituz şäherlerinde näbelli adamlar "YD" toparynyň baýdagyny asypdyrlar. Ýurduň Işeri işler ministrligi waka bilen arabaglanşygy bolan 14 adamyň tutulandygyny habar beripdir.

Oktýabr aýynyň ortasynda Täjigistanyň Sogdi welaýatynyň kazyýeti bir ýerli ýaşaýjyny, Russiýadaky zähmet migrantlarynyň "YD" toparyna goşulmagy üçin olaryň aňyny üýtgedýän propaganda alyp barmakda aýyplap 16 ýyl azatlykdan mahrum edipdir.

****

Merkezi Aziýanyň ýurtlary ekstremizme garşy göreş alyp barýarlar. Ýöne muňa garamazdan Owganystanda bilen Ýakyn Gündogardaky terrorçylykly toparlaryň hataryna täze goşulýan raýatlaryň sany barha artýar.

Golaýda GDA-nyň döwlet baştutanlarynyň Astanada geçirilen maslahatynda aýan edilşine görä, häzirki döwürde "YD" toparynyň hatarynda söweşýän Russiýa bilen GDA-nyň raýatlarynyň sany bäş müňden ýedi müňe çenli baryp ýetýär. Bu geçen aýdaky sana görä iki esse köpdür.

XS
SM
MD
LG