Sepleriň elýeterliligi

Türkmenistanyň hökümeti paýtagty täzeden oňarmak we ony "ak mermerli ajaýyp şähere" öwürmek üçin pul gaýgyranok. Ýöne bu ugurda barybir esasy ýitgini Aşgabadyň ilaty çekýärler.

Amnesty International guramasynyň täze hasabatyna görä, Aşgabady "abadanlaşdyrylmak" kampaniýasynyň çäginde 50 müňe golaý ýaşaýjy öz öýlerinden mahrum edilipdir. Ýykylan jaýlaryň ýerinde 2017-nji ýylda gurnaljak "Uzak Gündogar söweş sungatynyň" Aziýa oýunlary bäsleşiginiň geçiriljek desgalarynyň guruljakdygy öňe sürülýär. Adam hukuklaryny goraýan gurama bu hasabatyň ýany bilen halk köpçüligine emeli hemra arkaly surata düşürilen we indiki giňeldiljek ýerleriniň çägini görkezýän hem-de paýtagtyň ilaty üçin uly howp bolup biljek geljekki gurluşyk ýerleriniň sanawyny hem hödürläpdir.

Azatlyk Radiosynyň Türkmen gullugy eýýäm köp ýyllardan bäri Aşgabatda hem onuň töwereginde ýykylýan jaýlar barasynda halk köpçüligine maglumat berip gelýär. Jaý ýykylyşyk hemme ýerde birmeňzeş ýagdaýda amala aşyrylýar: öz öýünde ýaşap oturan adamlara jaýy eýgilik bilen boşatmaly diýlen duýduryş berilýär. Jaýlary ýykylanlaryň käbiri, gaty seýregem bolsa, ozal öz ýykylan jaýlarynyň hökümet tarapyndan wada berlen öwezini almagy başaranam bolsalar, adamlaryň köpüsi döwletden ýykylan jaýy üçin hiç haçan öwezine pul alyp bilmändir. Adamlaryň köpüsi ýaşap oturan jaýlaryny öz eli bilen ýykyp, galyndylaryny hökümetiň görkezen ýerinde jaý salmak üçin gurluşyk materialy hökmünde ulanypdyrlar. Olardan soň galan hemme zady döwletiň gullukçylary "abadanlaşdyryş işlerinin çäginde göz öňünde tutulan proýektleri amala aşyrmak üçin" doly arassalaýarlar. Ol ýerde soň gurluşyk edilse-edilmese-de, häzir edilýän iş şulardan ybarat.

Aşgabadyň golaýyndaky golaýda ýumrulan Çoganly ýaşaýyş sebiti hem Amnesty International atly adam hukuklaryny goraýan halkara guramanyň täze hasabatynyň üns merkezinde orun alypdyr. Azatlyk Radiosynyň maglumatyna görä, owal ol ýerde 13 müň jaý bar ekeni (Amnesty Internationalyň hasabatyna görä 10 müň). Çoganly hem şol "abadanlaşdyryş" programmasynyň çäginde bir ýyl mundan owal ýykylmaga başlandy. Täze plana görä, ol ýerde 1600 sany kottej-willa salmak maksat edinilýär.

Ýöne Çoganlyda ýaşanlaryň iň soňky yzlary hem galyndylary doly ýok edilenden ýarym ýyl geçendigine garamazdan, ol ýerde haýsam bolsa bir gurluşyk işiniň başlanjakdygy babatda bir alamata duş gelnenok. Azatlyk Radiosynyň ýerli habarçylary soňky wagtlarda ol ýere birnäçe gezek baryp görüpdirler. Olaryň beren maglumatlaryna görä, ol ýer häzirem alty aý mundan owalkysy ýaly boş dur. Ýöne galan käbir tamdyrlar we ojaklar hem buldozerler bilen tekizlenip, ýok edilipdir.

Azatlyk Radiosynyň ýerli habarçysynyň golaýda Çoganla baryp görenden soň beren maglumatyna görä, ol sebitde käbir agaçlar bilen bazar, awtobus terminaly we taksi duralgasyndan daşgary hiç zat galmandyr.

Amnesty International gurmasynyň bildirmegine görä, "Täze şeýle jaý ýumrulşyklary paýtagtyň beýleki ýerlerinde hem dowam edýär. Netijede gaty köp maşgala öýsüz-öwzarsyz galýar". Amnesty International guramasynyň Ýewropa we Merkezi Aziýa programmasy boýunça müdiri Denis Kriwoşeýewiň öz hasabat çykyşynda bellemegine görä, " jaýlaryň zorluk bilen ýykylmagyny hiç bir ýagdaý ýa-da sebäp aklap bilmez. Ýaşaýyş jaýlar barasyndaky haýsam bolsa bir ýumrulyşyk işi iň soňky çäre bolmaly we halkara adam hukuklary kadalaryna doly gabat gelmeli. Çünki bu her bir adamynyň öz ýaşaýyş jaýyna bolan hakyny goraýar. Şeýle-de kanuna laýykykda, jaý üpjünçüligini, mal-mülküniň goralmagy barasyndaky hak-hukugyny kepillendirýär we şonuň ýaly zorluklara garşy çekinmän, gorkusyz nägilelik bildirilmegine we garşy çykylmagyna aýratyn hak berýär". Denis Kriwoşeýewiň nygtamagyna görä, "Türkmenistanyň, geljekki oýunlary bahana edinip, amala aşyrýan ýumrulyşyklary aslynda onuň adam hukuklary babatyndaky abraýyny ýumurýar. Aglabasy güzeran gözleginde oba ýerlerinden Aşgabada gelenleriň ýaşaýyş şertleri, ynha, soňra şeýle ýagdaýda ýerli häkimýetler tarapyndan hasam bulaşdyrylýar".

Teswirleri görkez

XS
SM
MD
LG