Sepleriň elýeterliligi

'Hamenei tussag şahyrlary boşat'


Eýranly şahyrlar Fatemeh Ehtesari we Mehdi Mousawi

Eýranly şahyrlar Fatemeh Ehtesari we Mehdi Mousawi

Dünýäde söz azatlygyny wagyz edýän toparyň 110-dan gowrak ýazyjynyň hem şahyryň goly goýlan hatynda Eýranyň baş ruhany lideri Aýatolla Ali Hameneiniň adyna çagyryş edilip, ýurtda uzak möhletli türme tussaglygyna hem gamçylanmak jezasyna höküm edilen iki şahyryň boşadylmagyna ündelýär.

ABŞ-nyň PEN merkeziniň websaýtynda 30-njy oktýabrda çap edilen hatda Fatemeh Ehtesari we Mehdi Mousawi babatynda “olaryň diňe sungat arkaly özlerini beýan etmekleri” sebäpli “rehimsiz” jezanyň ulanylmagyna çuňňur aladalanma bildirilýär.

Geçen aýda Ehtesari 11 ýarym ýyl we we Mousawi dokuz ýyl türme tussaglygyna höküm edildiler. Olar “mukaddeslige şek” ýetirmegi öz içine alýan aýyplamalar boýunça günäli tapyldylar.

Olaryň her birine “özüne gatnaşygy bolmadyk başga jynsly adam bilen elleşip görüşmek we çekgesine öpmek” üçin 99 gamçy salmak jezasy hem berildi.
Musawi özüne we Ehtesarä berlen jezany “ýaňsylama” diýip atlandyrdy.

XS
SM
MD
LG