Sepleriň elýeterliligi

Gazagysan: Bankyň başlygy çalyşdy


Gazagystanyň prezidenti Nursultan Nazarbaýew ýurduň milli puly teňňäniň hümmetiniň pese gaçmagy bilen baglylykda Merkezi bankyň başlygyny çalyşdy.

Nazarbaýew 2-nji noýabrda bu wezipä öz kömekçisi Daniýar Akişewi belledi, parlamentiň ýokary öýi wezipe çalyşygyny derhal makullady.

39 ýaşly Akişew 2014-nji ýylda prezidentiň administrasiýasyna goşulmakdan ozal ençeme ýyllap Merkezi bankda işläpdi.

Gazagystanyň Merkezi banky milli puly teňňäni goldamak üçin azyndan 1.7 million amerikan dollary möçberde, ýagny milli rezerwleriniň alty prosentine barabar puly sarp etdi. Awgust aýynda erkin alyş-çalyş kursy yglan edileli bäri teňňe öz hümmetiniň üçden bir bölegini ýitirdi.

XS
SM
MD
LG