Sepleriň elýeterliligi

'YD' türk aktiwistlerini öldürendigini aýdýar


Ibrahim Abdul Kader

Ibrahim Abdul Kader

“Yslam döwleti” atly terrorçy topar Türkiýede “YD” toparyna garşy çykyş eden siriýaly tanymal aktiwistiň we onuň dostunyň ölüminiň jogapkärçiligini öz üstüne aldy.

“YD” topary 2-nji noýabrda ýaýradan beýannamasynda 30-njy oktýabrda Türkiýäniň Sanliurfa şäherinde aktiwist Ibrahim Abdul Kaderi we onuň egindeşi Fares Hamadini öldürendigini habar berdi.

Kader “YD” toparynyň Siriýada öz gözegçiligindäki giňişliklerde amala aşyrýan wagşylyklaryny hasaba alýan aktiwist toparyň (RBSS) düzüminde işleýärdi.
Kaderiň we Hamadiniň jesetleri Hamadiniň öýünde 30-njy oktýabrda irden tapylypdy.

XS
SM
MD
LG