Sepleriň elýeterliligi

Orsýet: Uçar heläkçiligi tehniki näsazlyga bagly däl


Sinaý ýarymadasynda heläk bolan uçar, Müsür, 31-nji oktýabr, 2015.

Sinaý ýarymadasynda heläk bolan uçar, Müsür, 31-nji oktýabr, 2015.

Orsýetiň howa şirketi öz uçarynyň Müsürde heläk bolmagynyň tehniki kemçilikler ýa-da adam tarapyndan goýberilen ýalňyşlar bilen bagly däldigini aýtdy.

“Kogalymawia” kompaniýasynyň müdiriniň orunbasary Aleksandr Smirnow heläkçiligiň diňe başga bir “tehniki ýa-da fiziki hereketleriň” netijesinde dörändigini 2-nji noýabrda aýtdy.

“A321-200” kysymly uçar 31-nji oktýabrda Şarm el-Şeýhden Sankt Peterburga barýarka Sinaý ýarymadasynda heläkçilige uçrady . Uçardaky 224 adamyň ählisi wepat boldy. Olaryň aglaba köpüsi orsýetli. Bu heläkçilik Orsýetiň taryhynda iň heläkçilikli howa hadysalarynyň biridir.

Orsýetiň transport häkimiýetleri uçaryň howada “parçalara bölünendigini”, emma munuň sebäpleri barada aýtmagyň entek irdigini bellediler.

XS
SM
MD
LG