Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Erdogan durnuklylygy goldamaga çagyrdy


Türkiýäniň prezidenti Rejep Taýyp Erdogan, Stambul, 1-nji noýabr, 2015.
Türkiýäniň prezidenti Rejep Taýyp Erdogan, Stambul, 1-nji noýabr, 2015.

Türkiýäniň prezidenti Rejep Taýyp Erdogan dünýäni Türkiýäniň milli parlament saýlawlarynda mälim eden islegine hormat goýmaga çagyrdy. Saýlawlar Erdoganyň “Adalat we ösüş” (AKP) partiýasyna iýun aýynda elden beren ses köpligini getirdi.

“Durnuklylygy saýlan halkymyzyň islegi öz-özünden mälim boldy”, diýip Erdogan 2-nji noýabrda aýtdy. “Geliň bütewi bolalyň, dogan bolalyň, bilelikde Türkiýe bolalyň”, diýip Erdogan aýtdy.

Yslama daýanýan AKP partiýasy 1-nji noýabrda geçirilen saýlawlarda sesleriň 50 prosent çemesini toplap, 550 orunlyk parlamentiň 315 ornuny eýelemäge we bir partiýaly hökümeti düzmäge ukyply boldy.

Kürtlere tarapdar Halk demokratik partiýasy parlamentde orunlara dalaş etmek üçin zerur 10 prosentlik derejeden geçdi. Erdoganyň partiýasynyň tomusda 13 ýylyň dowamynda ilkinji gezek parlamentdäki köplügini elden berip, koalision hökümeti düzmekde şowsuzlyk döränsoň gyssagly saýlawlara çagyryş edilipdi.

XS
SM
MD
LG