Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

“Gury kesekli ýere bugdaý ekdiler”


“Gury kesekli ýere bugdaý ekdiler”
“Gury kesekli ýere bugdaý ekdiler”

19-njy awgustda Türkmenistanda bugdaý ekişligi başlandy. Şu ýyl ýurt boýunça 760 müň gektar ýere güýzlik bugdaý ekilip, ondan 1 million 600 müň tonna hasyl almak meýilleşdirilýär.

Lebap welaýatynyň Hojambaz etrabynyň ýaşaýjysy öz kärende ýeriniň iň soňky gezek şu ýylyň fewral aýynda suwarylandygyny aýdýar. Emma muňa garamazdan ol daýhan birleşiginiň degişli resmileriniň gelip, öz ekişe taýýar däl kärende ýerine bugdaý ekip gidendigini belleýär.

Agzalýan etrabyň Burdalyk daýhan birlegişiginden özüni Almagül diýip tanyşdyran kärendeçi zenan bu barada Azatlyk Radiosynyň Türkmenistandaky habarçysy Soltan Açylowa gürrüň berdi.

please wait

No media source currently available

0:00 0:03:57 0:00

XS
SM
MD
LG