Sepleriň elýeterliligi

Kerri Merkezi Aziýanyň resmileri bilen duşuşdy


Merkezi Aziýa ýurtlarynyň daşary işler ministrleri we ABŞ-nyň döwlet sekretary Jon Kerri. 1-nnji noýabr, 2015 ý.

Merkezi Aziýa ýurtlarynyň daşary işler ministrleri we ABŞ-nyň döwlet sekretary Jon Kerri. 1-nnji noýabr, 2015 ý.

1-nji noýabrda ABŞ-nyň döwlet sekretary Jon Kerri Merkezi Aziýanyň taryhy Samarkant şäherinde merkezi aziýa döwletleriniň daşary işler ministrleri bilen duşuşdy. Jon Kerri ABŞ-nyň döwlet sekretary hökmünde Merkezi Aziýa ilkinji saparyny geçirýär.

ABŞ sebitiň awtoritar hökümetleriniň adam hukuklaryna we demokratiki gymmatlyklara hormat goýmaklaryny isleýär. Munuň netijesinde regiondaky ekstremizm howplarynyň has peseljekdigine ynanylýar.

31-nji oktýabrda Jon Kerri Gyrgyzystanda bolan mahaly öz sapar edýän ýurtlaryny tankyt etmekden çekinmejekdigini duýdurdy. Şol bir wagtda ABŞ-nyň resmisi bar bolan aladalanmalara garamazdan, regionyň ýurtlary bilen hyzmatdaşlygy we özara gatnaşyklary ösdürmäge taýýardygyny hem aýan etdi.

“Inisiatiwalar boşlukda amala aşyrylmaýar”

Kerri özbek şäheri Samarkantda Merkezi Aziýanyň, şol sanda Özbegistanyň, Gyrgyzystanyň, Täjigistanyň we Türkmenistanyň daşary işler ministrleri bilen geçiren duşuşygynda Birleşen Ştatlaryň sebitiň ýurtlary bilen özara, şol sanda energiýa howpsuzlygy, bilim ulgamy, ykdysady pudak boýunça hyzmatdaşlygy ösdürmäge isleglidigini aýtdy.

Şol bir wagtda ol “ykdysady, sosial we medeni inisiatiwalaryň howasyz boşlukda amala aşyrylmaýandygyny” hem belläp, “olar dolandyryşyň hili we demokratik institutlaryň berkligi bilen baglanyşyklydyr” diýdi.

Kerri, “beýleki ýerlerde bolşy ýaly, Merkezi Aziýanyň halklary hem jogapkärçilikli we täsirli hökümete örän mätäç” diýip, “Merkezi Aziýanyň ýurtlary hem öz garaşsyzlygyny alandan soň, döwlet gurluşyny halkara standartlaryna gabat getirjekdiklerini wada beripdiler we olaryň her biri şol standartlara laýyk gelmek üçin biziň bilen we özleri bilen işleşýärler. Biz demokratik dolandyryşdaky progresiň gürrüňi edilýän beýleki pudaklaryň her biriniň bähbidine boljakdygyna şübhelenmeli hem däldiris” diýdi.

Ykdysady çökgünlik

Emma ol žurnalistleriň öňünde eden çykyşynda Merkezi Aziýa ýurtlaryndaky adam hukuklarynyň ýagdaýy barada aç-açan gürrüň etmekden saklandy.

1-nji noýabrda Kerri žurnalistleriň öňünde Özbegistanyň awtoritar prezidenti Yslam Karimow bilen aýrylykda geçiren gepleşiklerinde hem ýurtdaky adam hukuklaryndan dil ýarmady. Emma ol özüniň “adam ölçegleriniň ýerine ýetirilişi, şahslar meselesi we olaryň jemgyýete gatnaşygy barada” maslahat etmek isleýändigini aýtdy.

Ykdysady çökgünlige uçrap başlan Merkezi Aziýanyň hökümetleri ABŞ-nyň goşunlarynyň Owganystandan çekilmegi bilen Waşingtonyň sebite bildirýän gyzyklanmasynyň hem peselmeginden howatyr edýärler.

Sebitiň eksport edýän nebitiniň bahasynyň gaçmagy, şeýle-de regionyň esasy söwda hyzmatdaşlarynyň biri bolan Russiýa garşy sanksiýalaryň girizilmegi netijesinde häzirki wagtda merkezi aziýanyň döwletleri duýarlykly kynçylyklary başdan geçirýärler.

Munuň netijesinde Merkezi Aziýada jemgyýetçilik durnuksyzlygynyň döremeginden we yslam ekstremizminiň ýaýbaňlanmagyndan howatyr edilýär.

Degişli makalalar

Teswirleri görkez

XS
SM
MD
LG