Sepleriň elýeterliligi

Orsýet: Uçar heläkçiligi tenhiki näsazlyga bagly däl


Orsýetiň heläkçilige uçran uçarynyň galyndylary. 1-nji noýabr, 2015 ý.

Orsýetiň heläkçilige uçran uçarynyň galyndylary. 1-nji noýabr, 2015 ý.

Müsürda heläkçilige uçran rus uçarynyň ýere gaçmagyna nämäniň sebäp bolandygy henizem anyklananok. Bu barada häzirlikçe dürli maglumatlar gelip gowuşmagyny dowam etdirýär.

Agzalýan uçaryň geçmeli bolan degişli howa ýollarynyň resmileriniň aýtmagyna görä, uçaryň gaçmagyna sebäp bolan ýagdaý tehniki näsazlyk ýa adam säwligi däl.

Orsýetiň metrojet howa ýollarynyň ýolbaşçysynyň orunbasary Aleksander Smirnow şu günki eden çykyşynda bu barada käbir pikirleri öňe sürdi.

Smirnow aýratynam uçaryň ulanylyşa berlenine diňe 18 ýyl bolandygyny we munuň ulanşykdaky uçarlaryň ortaça ömrüniň ýarpysyna deňdigini aýtdy.

“Howadaka ikä bölündi”

Airobus 321-200 kysymly rus uçary 31-nji oktýabrda Müsüriň Şarma elŞeýh aeroportundan uçup, Orsiýetiň Sankt Peterburg şäherine barýarka ýolda, Müsüriň Sinaý ýarymadasynda heläkçilige uçrady.

Wakada uçardaky 224 ýolagçynyň ählisiniň wepat bolandygy aýdylýar. Şeýle-de bu wakanyň Orsýetiň we Sowet Soýuzynyň taryhynda uçar heläkçiligi bilen baglanyşykly iň pajygaly hadysa bolandygy habar berilýär.

Orsýetiň Transport ministrliginiň resmileri mundan ozal agzalýan uçaryň entek howadaka ikä bölünendigini aýdypdylar.

Şeýle-de uçaryň ýere gaçmagynyň sebäplerini derňemek boýunça işler dowam etdirilýär. Orsýetiň prezidenti Wladimir Putin bolsa wakadan bäri üç gün geçendigine garamazdan, bu barada henize çenli dil ýarman gelýär.

Moskwa ret edýär

Emma Orsýetiň premýer-ministri Dimitriý Medwedew bu barada 2-nji noýabrda çykyş edip, rus halkyna baş saglygyny diledi, hemem bolan wakada ölen adamlaryň sany baradaky maglumatlary tassyklady.

Müsürdäki “Yslam döwleti” toparyna degişli jeňçiler uçary özleriniň urup ýykandygyny öňe sürdüler. Emma jeňçileriň muny nähili amala aşyrandygy barada hiç hili takyk maglumat getirilmeýär. Moskwa bu tassyklamany ret edip, munuň howaýy gürrüňdigini aýdýar.

Şeýle-de Müsüriň howpsuzlyk resmileri hem uçaryň urlup ýykylandygyny ýa-da onuň partladylandygyny görkezýän hiç hili nyşanyň ýokdugyny aýdýarlar.

Ukrainanyň Daşary işler ministrligi heläkçilige uçran uçarda dört ukrain raýatynyň Belarusyň Daşary işler ministrligi hem uçarda bir belarusyň bolandygyny mälim etdiler.

1-nji noýabrda Orsýetde matam güni diýlip yglan edildi. Ýurt boýunça baýdaklar aşak düşürildi, telewideniýedäki şowhunly gepleşikler ýatyryldy.

Teswirleri görkez

XS
SM
MD
LG