Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Türkiýe: Erdoganyň partiýasy ýeňiş gazandy


Türkiýe: Erdoganyň partiýasy ýeňiş gazandy
Türkiýe: Erdoganyň partiýasy ýeňiş gazandy

Türkiýäniň premýer-ministri Ahmet Dawutoglu 1-nji noýabrda geçen parlament saýlawlarynyň netijelerini öz häkimiýet başyndaky "Adalat we galkynyş partiýasy" (AKP) üçin "ýeňiş güni" diýip partiýanyň şanyna gutlag sözlerini aýtdy.

Sesleriň 97 prosentiniň sanalmagy bilen Türkiýäniň prezidenti Rejep Taýyp Erdoganyň hem partiýasy bolan "Adalat we galkynyş partiýasy" 49.5 prosent ses aldy. Şeýlelikde AKP 550 agzaly parlamentden 315 orny eýeläp, bir partiýadan ybarat hökümeti düzmäge hukuk gazandy.

Türkiýäniň kürtleriň tarapyny çalýan "Halk demokratik partiýasy" (HDP) bolsa sesleriň 10 prosentini almak bilen parlamente girmegi başarsa-da, saýlawyň netijelerini "lapykeç ediji" diýip häsiýetlendirdi. Bu partiýanyň alan sesleri ozal 13 prosent bolan bolsa, bu gezek aşaklap, 10.4 prosente geldi.

Sesleriň 40 prosenti

Bu aralykda Türkiýäniň esasy oppozision partiýasy bolan "Respublikan halk partiýasy" (JHP) koalision hökümeti gurma ähtimallygy ýok diýdi.

Saýlawdan öň geçirilen pikir soralyşyklaryň görkezmegine esaslanylyp, Erdoganyň partiýasy sesleriň takmynan 40 prosentini alar, onsoň parlamentde köplük orny eýelemegi üçin oňa goldaw gerek bolar diýen pikirden ugur alnypdy.

AKP sesleriň köplügini alyp bilmese, ol ikinji orny eýelän JHP bilen ýaranlyga girip, hökümetde edera edijilik güýç-gudraty onuň bilen bölüşmeli bolar diýip çaklanypdy.

Saýlaw bölünişikli zorluklaryň, goňşy Siriýada barýan konfliktiň oňaýsyz täsirleri astynda geçdi.

Hyzmatdaşlyk

Üstümizdäki ýylyň başlarynda Türkiýäniň günorta-gündogar böleginde hökümet güýçleri bilen Kürdüstanyň gadagan edilen işçi partiýasy PKK-niň arasyndaky gazaply hereketler möwjedi. Şeýle hem 10-njy oktýabrda ýüzden gowrak adamyň başyna ýeten goşa bombanyň partlamagy tutuş ýurdy lerzana getirdi.

Erdogan Siriýanyň gizlin gulluklary bilen kürt aktiwistleri "Yslam döwleti" diýip tanalýan ekstremistik topar bilen hyzmatdaşlyk edýärler diýdi. Hökümet "Yslam döwleti" toparynyň jeňçileri diýip güman edilýänleriň garşysyna alyp barýan operasiýalaryny güýçlendirdi.

Kürt güýçleriniň Siriýada käbir etraplary öz kontrollygyna geçirmegi hem Türkiýedäki azlyk kürtlerde hem bölünişik meýillerini döreder diýen gorka sebäp boldy. Galyberse-de, Türkiýe Siriýada barýan graždanlyk urşundan gaçyp gelen iki milliondan agdyk bosgunyň aladasy bilen ýüzbe-ýüz dur.

Gitdigiçe awtoritarlaşmak

Erdogan saýlawy "Adalat we galkynyş partiýasy" tarapdan düzülen bir partiýadan ybarat hökümete dolanmak üçin bir mümkinçilik, ýagny durnuklylyk diýip suratlandyrdy.

Ol 31-nji oktýabrda Stambulyň täze metjidinde namazdan çykyp gelýärkä, "bu saýlaw durnuklylygyň we ynamyň dowamy bolar" diýdi. Erdogan özüniň saýlawyň netijlerini, nähili bolsa-da, hormatlajakdygyny aýtdy.

Erdoganyň garşydaşlary ony gitdigiçe awtoritarlaşýanlykda aýyplaýarlar. Ol günbatar hökümetleri tarapyndan hem mediany basyp ýatyrýanlykda tankytlanýar. Türk prezidenti bu aýyplamalary ret edýär.

"Adalat we galkynyş partiýasy" bilen "Respublikan halk partiýasyndan" başga 550 agzaly parlamentden orun alar diýip garalýan iki partiýa bar. Bularyň biri "Milletçi hereket partiýasy" (MHP), beýlekisi hem kürtparaz "Halk demokratik partiýasy" (HDP).

Iýunda geçen parlament saýlawlary HDP-niň 80 orny almagy, Erdoganyň häkimiýet başyndaky "Adalat we galkynyş partiýasynyň" bir partiýadan ybarat hökümeti üçin hem zerur bolan köplük orny alyp bilmezligi bilen häsiýetlendi.

XS
SM
MD
LG