Sepleriň elýeterliligi

Kerri Täjigistana kömek hödürledi


ABŞ-nyň döwlet sekretary J.Kerri (ç) we Täjigistanyň prezidenti E.Rahmon (s), Duşenbe, 3-nji noýabr, 2015

ABŞ-nyň döwlet sekretary J.Kerri (ç) we Täjigistanyň prezidenti E.Rahmon (s), Duşenbe, 3-nji noýabr, 2015

ABŞ-nyň döwlet sekretary Jon Kerri Täjigistanyň goňşy Owganystanda yslamçy söweşijileriň ýaýbaňlanmagyna bildirýän aladalanmalary bilen baglylykda Waşingtonyň bu ýurduň howpsuzlygyna goşant goşmaga ýykgyn edýändigini mälim etdi.

Kerri Täjigistanyň prezidenti Emomali Rahmon bilen 3-nji noýabrda Duşenbede geçiren gepleşikleriniň yzýany “ABŞ Täjigistan we beýleki ýurtlar bilen serhet howpsuzlygyny güýçlendirmek ugrunda” işleşmäge ýykgyn edýär diýdi.
Kerri Täjigistandan soň Aşgabada baryp, Türkmenistanyň prezidenti G.Berdimuhamedow bilen gepleşik geçirer.

2-nji noýabrda Gazagystana eden saparynda Kerri prezident Nursultan Nazarbaýewiň yslam ekstremizmine garşy göreşini makullady, emma terrorçylyk howpunyň demokratiýany we pikir azatlygyny basyp ýatyrmak üçin delil hökmünde ulanylmaly däldigini aýtdy.

XS
SM
MD
LG