Sepleriň elýeterliligi

logo-print

Moskwa Siriýa boýunça gepleşik geçirmekçi


Orsvetiň daşary işler ministriniň orunbasary Mihail Bogdanow

Orsvetiň daşary işler ministriniň orunbasary Mihail Bogdanow

Orsýet Siriýanyň resmileriniň we oppozisiýa liderleriniň arasynda indiki hepdede tapgyrlaýyn gepleşikleri geçirmek maksadyny mälim etdi.

“Indiki hepdede biz oppozisiýanyň wekillerini Moskwa maslahata çagyrarys”, diýip daşary işler ministriniň orunbasary Mihail Bogdanow 3-nji noýabrda aýtdy we maslahata hökümet resmileriniň hem gatnaşmagynyň mümkindigini belledi.

Bu teklibiň 4-nji noýabrda Moskwada Orsýetiň daşary işler ministri Sergeý Lawrowyň we BMG-niň Siriýa boýunça wekili Staffan de Misturanyň arasynda maslahat edilmegine hem garaşylýar.

Orsýet prezident Başar al-Assady goldap, 30-njy sentýabrda Siriýada howa zarbalaryny amala aşyryp başlady.

XS
SM
MD
LG