Sepleriň elýeterliligi

Uçarda ölenleriň şahsyýeti anyklanýar


Müsüriň Sinaý ýarymadasynda heläkçilige uçran uçar, Moskwanyň Domodedowo aeroporty, 20-nji oktýabr, 2015

Müsüriň Sinaý ýarymadasynda heläkçilige uçran uçar, Moskwanyň Domodedowo aeroporty, 20-nji oktýabr, 2015

Orsýetiň resmileri Müsürde heläkçilige uçran orsýetli uçaryň 10 ýolagçysynyň şahsyýetiniň maşgala agzalary tarapyndan anyklanandygyny habar berdiler.

“A321-200” kysymly uçar 31-nji oktýabrda Şarm el Şeýhden Sankt Peterburga barýarka Müsüriň Sinaý ýarymadasynda ýere gaçdy. Uçardaky 224 adamyň ählisi wepat boldy. Resmiler bu betbagtçylygyň Orsýetiň we sowet awiasiýasynyň taryhynda iň betbagtçylykly uçar heläkçiligi bolandygyny aýdýarlar.

Adatdan daşary ýagdaýlar boýunça ministrliginden Alekseý Smirnow 140 jesediň we 100-den gowrak beden bölekleriniň iki hökümet uçary arkaly Sankt Peterburga alnyp barylandygyny aýtdy.

Uçar heläkçiliginiň sebäpleri nämälim galýar. Uçar kompaniýasy sürüjiniň ýalňyşlygyny ýa-da tehniki näsazlyklary aradan aýyrdy.

XS
SM
MD
LG