Sepleriň elýeterliligi

Owganystan: “Ýerli ýaraglylar halky talaýar”


Owganystanyň Hamýab etrabynda ýerli ýaragly toparlaryň halky talaýandygy habar berilýär.

Owganystanyň Hamýab etrabynda ýerli ýaragly toparlaryň halky talaýandygy habar berilýär.

Ýakynda Owganystanyň wise-prezidenti general Raşid Dostumyň ýolbaşçylygynda Hamýab etrabynda jeňçilere garşy harby operasiýalar geçirildi.

General Dostum owgan paýtagty Kabula dolanandan soň, halka zulum edilýändigini ýaşaýjylar aýdýarlar. Olaryň aýtmaklaryna görä, “Arbaki” atly ýerli ýaragly toparlar halky talap, olaryň emläklerini zor bilen ele geçirýär.

Demirgazyk Owganystanyň Türkmenistan bilen serhetleşýän Hamýab etrabyndaky howpsuzlyk ýagdýalary barada Azatlyk Radiosynyň Owganystandaky habarçysy Şaýymerdanguly Myrady şeýle maglumat taýýarlady.

XS
SM
MD
LG