Sepleriň elýeterliligi

ABŞ: Suratlar teoriýany şübhe astyna alýar


Heläkçilige uçran rus uçarynyň galyndylary.

Heläkçilige uçran rus uçarynyň galyndylary.

Birleşen Ştatlaryň satellitden alnan suratlary 31-nji oktýabrda Müsüriň Sinaý ýarymadasynda Orsýetiň ýolagçy uçaryny partlamanyň ýere gaçyrandygyny çak etdirýär we uçara raketa bilen zarba urlandygy baradaky teoriýany şübhe astyna alýar.

2-nji noýabrda Birleşen Ştatlaryň ýokary derejeli goranmak resmisi, “Airbus A321-200” belgili uçar howada mahaly, gürrüňi edilýän sebitde alnan infragyzyl suratlar [uçardan] gyzgyn şöhläniň çykandygyny hasaba aldy diýýär. Bu suratlar bortunda bombanyň ýa-da ýangyç bagynyň partlamagy netijesinde uçaryň weýran bolandygyny çaklamaga esas berýär.

“Ol ýerde bir tüýsli partlama boldy” we “uçar örän ýokary beýiklikde böleklere bölündi” diýip, Birleşen Ştatlaryň resmisi “NBC” telekanalyna beren maglumatynda aýtdy. Ol “haýsydyr bir raketanyň uçary urup aşak gaçyrandygyny görkezýän hiç hili alamatyň ýokdugyny” sözüniň üstüne goşdy.

Ukyply raketa

Orsýetiň “Kogalymawia” howaýollaryna degişli “Metrojet” kysymly 9268 uçuş nomerli uçaryň heläkçilige uçrap, onuň üstündäki 224 adamyň heläk bolmagy netijesinde birnäçe teoriýalar öňe sürüldi. Olaryň arasynda uçara raketa bilen zarba urlandygy baradaky çaklama-da bar.

Uçar heläkçiliginden birnäçe sagat soň “Yslam döwleti” atly toparyň Sinaýdaky bölümi Orsýetiň Siriýadaky howa zarbalaryna gaýtawul diýip, uçaryň urlup ýykylmagyna öz toparynyň jogapkärdigini öňe sürdi. Şol bir wagtda Orsýetiň resmileri toparyň bu öňe sürmesiniň hakykata laýyklygyny sorag astyna aldylar.

Ekspertler bu sebitdäki söweşijilerde 9,100 metr beýiklikden uçýan uçara zarba urmaga ukyply raketanyň bardygyna şübhe bildirýan mazmunly garaýyşlaryny beýan edýärler. Şol bir wagtda-da uçaryň içinde bombanyň partladylan bolmagynyň ýa-da uçaryň içinde haýsydyr bir partlamanyň bolan bolmagynyň mümkindigi baradaky çaklamalar hem ünsden düşürilenok.

“Uçar birkemsizdi”

2-nji noýabrda Orsýetiň “Kogalymawia” howaýollarynyň ýolbaşçysynyň orunbasary Müsürde uçaryň gaçmagyna sebäp bolan ýagdaýyň tehniki näsazlyklar bilen bagly däldigini aýtdy.

Aleksandr Smirnowyň aýtmagyna görä, uçaryň heläkçilige uçramagyna käbir beýleki “tehniki ýa-da fiziki täsirleriň” sebäp bolan bolmagy ahmaldyr.

Moskwada geçirilen metbugat konferensiýasynda Smirnow: “Uçar [tehniki taýdan] birkemsiz ýagdaýdady. Biz [uçaryň] haýsydyr bir tehniki näsazlyk ýa-da ekipažyň ýalňyşy esasynda heläkçilige uçrandygy baradaky öňe sürmeleri tassyklap bilmeris” diýdi.

Airobus 321-200 kysymly rus uçary 31-nji oktýabrda Müsüriň Şarma el-Şeýh aeroportundan uçup, Orsýetiň Sankt-Peterburg şäherine barýarka, ýolda Müsüriň Sinaý ýarymadasynda heläkçilige uçrady.

Wakada uçardaky 224 ýolagçynyň ählisiniň wepat bolandygy aýdylýar. Şeýle-de bu wakanyň Orsýetiň we Sowet Soýuzynyň taryhynda uçar heläkçiligi bilen baglanyşykly iň pajygaly hadysa bolandygy habar berilýär.

XS
SM
MD
LG