Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Ý.Bir: Kerry Nepesgulyýewiň ykbalyna ünsi çekmeli


Türkmenistanyň prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedow (sagda) we ABŞ-nyň döwlet sekretary Jon Kerry.
Türkmenistanyň prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedow (sagda) we ABŞ-nyň döwlet sekretary Jon Kerry.

Birleşen Ştatlaryň döwlet sekretary Jon Kerry (John Kerry) Türkmenistana sapar edýär. ABŞ sebitiň awtoritar hökümetleriniň adam hukuklaryna we demokratiki gymmatlyklara hormat goýmaklaryny isleýär. Munuň netijesinde regiondaky ekstremizm howplarynyň has peseljekdigine ynanylýar.

Eýse, Kerrynyň Türkmenistana edýän saparynyň dowamynda gürrüň edilmeli esasy temalar nämelerden ybarat?

Azatlyk Radiosyndan Muhammad Tahir bu sorag bilen gyzyklanyp, “Serhetsiz raportýorlar” guramasynyň Ýewropa we Merkezi Aziýa bölüminiň başlygy Ýohan Bir bilen söhbetdeş boldy.

Azatlyk Radiosy: ABŞ-nyň döwlet sekretary John Kerry Türkmenistana sapar edýär. Bu onuň Türkmenistana ilkinji sapary. Siziň nukdaýnazaryňyzdan, gürrüň edilmeli esasy temalar nämelerden ybarat?

Ýohan Bir: John Kerry Türkmen ýolbaşçylaryna Waşington bilen aragatnaşygy güýçlendirmegiň käbir jogapkärçilikleriniň hem bardygyny anyk aýtmaly. Meselem, Türkmenistanyň adam hukuklary boýunça gol goýan jarnamalaryndaky borçlaryny berjaý etmeginiň zerurdygy hökman ýatladylmaly.

Metbugat azatlygy boýunça 180 ýurdy öz içine alýan hasabatymyzda Türkmenistanyň 178-nji orunda duranlygyny göz öňünde tutup aýtsak, Kerrynyň öz saparynyň dowamynda metbugat azatlygyna ünsi çekmegi zerurlyk bolup durýar. Beýle bolmasa, bu saparyň maksady asla düşnükli bolmaz.

Kerrynyň tutuş Merkezi Aziýa edýän saparyny jemläp, şu çaka çenli adam hukuklaryna berlen ünsi göz öňünde tutup aýtsak, bu biziň lapymyzy keç etdi. Esasanam, onuň Özbegistanda özüni alyp barşy bizi gaty geň galdyrdy.

Biz onuň Nazarbaýew Uniwersitetinde eden çykyşyndaky pikirlerinden ugur alyp, onuň şol ýerde aýdan sözlerinde tapylmagyna garaşýarys. Onuň öz çykyşynda adam hukuklaryny basgylamak terrorizmi güýçlendirýär diýen sözi gaty ýerlikli boldy.

Şonuň ýaly pikirler diňe uniwersitetlerde däl-de, eýse agzalýan ýurtlaryň ýolbaşçylary bilen, şol sanda Türkmenistanyň ýolbaşçysy bilen duşuşyklarda hem aç-açan aýdylmaly.

ABŞ tarapyndan maliýeleşdirilýändigini göz öňünde tutup aýtsam, Kerrynyň ünsüni, esasanam, Azatlyk Radiosynyň ýagdaýyna çekesim gelýär. Bu guramanyň Türkmenistandaky habarçylarynyň kynçylyklary hakda gürrüň etmek, John Kerrynyň jogapkärçiligine girýär.

Bu ýurtda garaşsyz žurnalistlere edilýän basyşlar soňky döwürde iň ýokary derejä ýetdi, esasanam, Saparmämmet Nepesgulyýewiň ýagdaýyna üns çekilmeli. John Kerry habarçylaryň wezipesi üçin türmä basylmagynyň asla kabul ederlikli däldigini türkmen ýolbaşçylaryna duýdurmaly.

Azatlyk Radiosy: Ýohan, metbugat barada öz pikirleriňizi gysgaça beýän etdiňiz, emma ähli azatlyklary göz öňünde tutup aýdanymyzda, Türkmenistan baradaky beýleki aladalaryňyz nämelerden ybarat?

Ýohan Bir: Iň esasy mesele, elbetde, ýurtda köp ugurlylygyň asla bolmazlygy, bu ýagdaýy metbugatda-da, syýasy arenada-da görmek mümkin. Resmileriň käbir wadalary berendigine garamazdan, ýagdaýy gowulaşdyrmak üçin iş ýüzünde hiç zat edilenok.

Bu ýagdaýlar hem Türkmenistanyň dünýäde iň ýapyk ýurtlardan biri diýlip hasaplanmagyna getirýär. Senzura gaty güýçli, bu Interneti hem öz içine alýar, diýmek, Türkmenistanyň ilatyna diňe bir ýurduň içindäki ýagdaýlar däl, eýse ýurduň daşynda bolup geçýän wakalar baradaky garaşsyz habarlar-da elýeterli däl.

Azatlyk Radiosy: Belläp geçen ýagdaýlaryňyzy göz öňünde tutup aýtsak, bu siziň guramaňyzyň ýaýradýan ýyllyk hasabatynda Türkmenistana berilýän baha nähili täsir ýetirer? Türkmenistan hemişe sanawda iň yzdaky ýurtlardan biri bolup gelýär ahyryn?

Ýohan Bir: Bu barada bir zat diýmek gaty kyn, sebäbi biziň indeksimiz öz ugry boýunça ýagdaýdan habarly adamlaryň beren bahalaryna görä kesgitlenýär. Diýjek bolýanym, ýurtlara berilýän bahany biz özümiz kesgitlämzok.

Elbetde, Türkmenistanda soňky döwürde hukuk bozmalaryň sany köpeldi, bu indeksiň statistiki böleginde hökmän öz ornuny tapar diýip pikir edýärin. Şeýlelikde bu ýagdaý Türkmenistanyň metbugat azatlygy boýunça ozaldanam pes abraýyna öz täsirini ýetirer.

Siziň aýdyşyňyz ýaly, umumy sanawda Türkmenistan barybir iň soňky orunlarda ýerleşýär, soňky döwürde bolan wakalaryň bu ýurda berilýän umumy baha nähili täsir ýetirjegi hakda bir zat aýtmak kyn. Elbetde, soňky döwürde bolan hukuk bozmalaryň hasabatymyzda ýer aljakdygy ikuçsyz.

XS
SM
MD
LG