Sepleriň elýeterliligi

Türkiýede dokuz 'YD agzasy' tussag edildi


Türkiýäniň Gaziantep günorta regionynyň häkimiýetleri “Yslam döwleti” toparyna gatnaşygy bolmakda we Stambulda syýasy partiýasynyň edarasynda bomba partlamasyny amala aşyrmagy planlaşdyrmakda güman edilýän dokuz adamy tussag etdiler.

Welaýat häkimliginiň 3-nji noýabrda agşam aýtmagyna görä, güman edilip tussag edilenleriň ikisi 30-njy oktýabrda Gaziantep şäherinde saklanypdyr.

Beýlekileri polisiýanyň geçiren reýdlerinde tussag edilipdir. Granatalar, partlaýjy serişdeler we ýaraglar hem ele salynypdyr.

Prokurorlar “YD” toparynyň Gaziantepdäki bölüminiň janyndan geçen hüjümçileriň gatnaşmagynda partlamalaryň ençemesini, şol sanda geçen aýda Ankarada 100 adamyň ölümine sebäp bolan goşa partlamalary amala aşyrandygyna subutnamalaryň bardygyny aýdýarlar.

XS
SM
MD
LG