Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Rumyniýanyň hökümeti çekildi


Rumyniýanyň premýer-ministri Wiktor Ponta, Buharest, 2015.
Rumyniýanyň premýer-ministri Wiktor Ponta, Buharest, 2015.

Rumyniýanyň premýer-ministri Wiktor Ponta gijeki klubda bolan heläkçilikli ýangyn bilen bagly köpçülikleýin protestlerden soň öz hökümetiniň häkimiýet başyndan çekilýändigini yglan etdi.

“Men jemgyýetiň islegini berjaý etmäge taýýar. Men wezipeden çekilýärin, bu hökümetiň hem wezipeden çekilýändigini aňladýar”, diýip Ponta 4-nji noýabrda aýtdy.

20 müň çemesi adam 4-nji noýabrda Buharestiň köçelerine çykyp, Pontanyň, içeri işler ministri Gabriel Opreanyň we etrap häkiminiň wezipelerinden çekilmegini talap etdi. 30-njy oktýabrda gijeki klubda bolan ýangynda 32 adam wepat boldy we onlarça adam ýaralandy.

Protestçiler ýangyna getiren sebäpleriň korrupsiýa bilen baglydygyny aýtdylar.

XS
SM
MD
LG