Sepleriň elýeterliligi

Nazarbaýew patyşa Elizabeth II bilen duşuşar


Britaniýanyň premýer-ministri D.Kameron (ç) Gazagystanyň prezidenti N.Nazarbaýe garşy alýar, London, 3-nji noýabr, 2015

Britaniýanyň premýer-ministri D.Kameron (ç) Gazagystanyň prezidenti N.Nazarbaýe garşy alýar, London, 3-nji noýabr, 2015

Gazagystanyň prezidenti Nursultan Nazarbaýew 4-nji noýabrda Londonda Bukingham köşgünde hormat garawuly tarapyndan garşy alynar we patyşa Elizabeth II bilen nahar başynda duşuşar.

3-nji noýabrda premýer-ministr Dewid Kameron bahasy 4.6 milliard amerikan dollaryndan ybarat söwda ylalaşygynyň gol çekilmegi bilen baglylykda Britaniýa we Gazagystana “abadançylyk ugrunda we öňegidişlik ugrunda partnýorlar hökmünde” garaýandygyny aýtdy.

Kameron Gazagystanda dört sanly täze gaz we polat öndüriji kärhanany öz içine alýan ylalaşygyň iki ýurduň arasyndaky söwda gatnaşyklarynyň binýadyny emele getirýändigini belledi.

Aktiwist toparlar britaniýanyň hökümetini biznesi adam hukuklaryndan öňde goýmakda aýyplaýarlar. Emma britan hökümeti premýer-ministriň Nazarbaýew bilen gepleşiklerde adam hukuklary meselesini gozgandygyny habar berdi.
Nazarbaýew Londondan Pariže barar.

XS
SM
MD
LG