Sepleriň elýeterliligi

Günorta Sudan: Uçar heläkçiligi boldy


Orsýetde öndürilen ýük daşaýjy uçar günorta Sudanyň paýtagty Jubada heläkçilige uçrady, 23 adam wepat boldy.

Habar berilişine görä, Antonow uçary 4-nji noýabrda aeroportdan uçan wagtynda heläkçilige uçrapdyr.

Käbir maglumatlarda 40 golaý adamyň wepat bolan bolmagy mümkin diýilýär. Uçarda bolan ýolagçylaryň takyk sany entek anyk däl.

Prezidentiň metbugat-wekili Ateny Wek Ateny uçarda azyndan iki adamyň, ýagny, ekipaž agzasynyň we bir çaganyň diri galandygyny aýtdy.
Günorta Sudanyň uzak künjeklerinde ýük uçarlary köplenç ýolagçy daşaýarlar.

XS
SM
MD
LG