Orsýetiň daşary işler ministri Sergeý Lawrow Siriýada dört ýyl bäri dowam edýän urşuň soňuna çykmak boýunça diplomatik tagallalaryň çäginde 4-nji noýabrda Moskwada BMG-niň Siriýa boýunça wekili bilen duşuşýar.
“Esasy tema Siriýada syýasy prosese we Damaskyň hem Siriýanyň oppozisiýasynyň arasynda hakyky dialogyň başlanmagyna degişli bolar”, diýip Orsýetiň Daşary işler ministrliginiň metbugat-wekili Maria Zaharowa 3-nji noýabrda aýtdy.
Lawrow we BMG-niň wekili Staffan de Mistura Siriýadaky konflikt meselesinde rol oýnaýan 17 ýurduň ýokary derejeli diplomatlary bilen bilelikde 30-njy oktýabrda Wenada duşuşypdy. Siriýanyň hökümetiniň we oppozisiýasynyň wekillerini öz içine almadyk şol duşuşykda BMG-den konfliktdäki taraplaryň arasynda parahatçylygy gazanmakda araçy bolmak haýyş edildi.
Orsýet indiki hepdede Moskwada Siriýanyň hökümetiniň we oppozisiýasynyň agzalarynyň arasynda gepleşik geçirmegi teklip edýär.