Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Siriýanyň goşuny Alepponyň ýoluny eýeledi


Aleppo barýan ýol
Aleppo barýan ýol

Siriýanyň döwlet mediasy hökümet güýçleriniň Aleppo şäherini Siriýanyň merkezi bölegi bilen birleşdirýän ýeke-täk ýoly öz eline alandygyny aýtdy.

Döwlet telewideniýesiniň 4-nji noýabrda habar bermegine görä, hökümet goşuny “Yslam döwleti” topary bilen söweşlerden soň “Aleppo-Hanasser-Ithriýa-Al-Salmiýeh ýoluna doly gözegçilik edýär”.

Bu ýoluň raýatlaryň gatnawy üçin 5-nji noýabrda açyljakdygy habar berildi.
Uruşdan öň Siriýanyň ululygy boýunça ikinji şäheri bolan Aleppo gözegçilik etmek işi hökümetiň we “YD” toparyna degişli bolmadyk gozgalaňçylaryň arasynda bölünýär.

XS
SM
MD
LG