Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Aşgabat, Waşington howpsuzlygy geňeşdi


Kerri Aşgabada bardy
please wait
Embed

No media source currently available

0:00 0:01:07 0:00

Kerri Aşgabada bardy

Türkmenistanyň prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedow bilen Birleşen Ştatlaryň döwlet sekretary Jon Kerri sişenbe güni Aşgabatda iki ýurduň arasynda ykdysadyýet we howpsuzlyk pudagyndaky hyzmatdaşlygy ösdürmek barada gürrüň etdiler.

Türkmenistanyň prezidenti G.Berdimuhamedow Birleşen Ştatlaryň Türkmenistanyň energiýa howpsuzlygy we durnukly transport meseleleri baradaky inisiatiwalaryna bildirýän goldawy üçin minnetdarlyk bildirip, iki ýurduň arasyndaky ykdysady we söwda gatnaşyklaryny mundan beýläk hem ösdürmek mümkinçiliklerini belledi.

Şeýle-de ol ABŞ-nyň döwlet sekretary bilen bolýan duşuşyga regional we global howpsuzlyk meseleleri boýunça hyzmatdaşlygy ara alyp maslahatlaşmak üçin gowy mümkinçilik hökmünde garaýandygyny aýtdy.

Birleşen Ştatlaryň döwlet sekretary Jon Kerri özüniň Türkmenistana 1992-nji ýylda şol wagtky döwlet sekretary Jeýms Beýkerden soň gelen ilkinji döwlet sekretary bolandygyny belläp, iki hepde ozal Waşingtonda bolan türkmen-amerikan syýasy konsultasiýalarynyň örän peýdaly bolandygyny aýtdy. Sebäbi, aýdylmagyna görä, bu duşuşykda taraplar ykdysady ösüş, adam hukuklary, howpsuzlyk we durnuklylyk boýunça tutuş bir plany işläp düzüpdirler.

Jon Kerri häzirki pursatda regional howpsuzlygy barada gürrüň etmegiň wajyplygy bilen ylalaşýandygyny hem aýtdy.

Ol Türkmenistan bilen Birleşen Ştatlaryň arasynda strategiki howpsuzlyk boýunça özara düşünişmek jarnamasyna gol çekiljegini aýdyp, bu meseledäki hyzmatdaşlyga uly ähmiýet berýändigini nygtady.

«Ykdysady ösüş we geljegiň ykdysadyýeti barada gürrüň edilende, energiýanyň aýgytlaýjy temadygyny aýdyp oturmak hem gerek däl. Bu meniň siz bilen gürrüňini etmek isleýän zadym. Şeýle-de men siz bilen özüňiziň agzan ynsanperwerçilik we adam ölçegleri meseleleriňiz boýunça gowy gürrrüň etmegimize umyt baglaýaryn... Onsoň, elbetde, Owganystan – siz örän gyzykly regionda ýaşaýarsyňyz, bu ýerde biziň bilelikde işleşmeli bir topar meselämiz bar» diýip, Kerri aýtdy.

Şeýle-de Kerri özleriniň örän konstruktiw duşuşyk geçirendiklerini, gatnaşyklar we hyzmatdaşlyk, serhet, howpsuzlyk barada gürrüň edendiklerini hem iş toparyny döredendiklerini aýdýar. Bu topar, aýdylmagyna görä, iki ýurt üçin, şol sanda regiondaky ähli ýurtlar üçin örän peýdaly işleri eder.

«Roýters» habar gullugynyň habarçysy Mat Spetalnigiň ýazmagyna görä, Jon Kerri Merkezi Aziýa ýurtlaryna edýän saparynyň aýagynda Täjigistanyň we Türkmenistanyň prezidentleri bilen duşuşanda, bu ýurtlardaky yslam ekstremizmi we serhet howpsuzlygy meseleleri barada gürrüň edip, olara syýasy opponentlere basyş görkezmegiň garşylykly netije berjegini we radikalizmi çuňlaşdyrjagyny aýtdy.

«Kerri, mysal üçin, Türkmenistanyň prezidenti bilen «alada döredýän tussaglar» diýip kesgitlenen 87 adam barada işleşmek islegi boýunça mesele gozgady» diýip, Birleşen Ştatlaryň ýokary derejeli resmisi «Roýtersiň habarçysyna aýdypdyr.

ABŞ-nyň döwlet sekretary Jon Kerri Türkmenistana Merkezi Aziýa ýurtlaryna, Gazagystana, Gyrgyzystana, Özbegistana we Täjigistana eden saparynyň çäginde bardy.

XS
SM
MD
LG