Sepleriň elýeterliligi

Üç ýaşly çagaka maşgalasy bilen urşa gaplanan Sudandan gaçyp çykmaly bolan we 1998-nji ýylda Birleşen Ştatlara gelen Emtital Mahmud Waşingtonda geçirilen halkara şygyr bäsleşiginde trawmatik geçmişi beýan edýän goşgulary, hususan-da "Eje" diýen goşgusy üçin ýeňiji boldy.

Onuň ejesi özüne bagyşlan goşgyny entek eşitmändir, sebäbi ol şygyr bäsleşiginiň birinji gününde, Emtitatlyň garry enesiniň ýogalan gününde Sudana gidipdir.

Emtitalyň ilkinji iki goşgusy "Biz ýaly adamlar" we "Gülleler" hem Darfur barasyndady. Bu goşgularyň birinjisinde "bedeniň hiç wagt kümüş gülleler bilen tans etmeli däldigi" bellenilse, ikinjisinde onuň Amerikada ýaşaýny üçin özüni nähili günäkär duýýandygy aýdylýardy.

"Yale News" onuň "Eje" goşgusynyň diňleýjiler tarapyndan ör turlup, uly şowhun bilen garşy alnandygyny we şahyryň birinji ýeri almagyny üpjün edendigini habar berýär.

Emtitalyň "Eje" goşgusy onuň indi öz ýurdunda köçede gezelenç edip bilmeýändigi, sebäbi ol ýerde indi köçäniň galmandygy baradaky ajy hakykat bilen tamamlanýar.

Darfurly, bäş çaganyň ulusy bolan Emtital häzir Yale uniwerstetinde antropologiýa we molekular biologiýa ugrundan ýokary bilim alýar. Azatlyk radiosy onuň heniz 14 ýaşynda ýazan bir goşgusynyň terjimesini öz okyjylaryna ýetirmegi makul bildi.

Sen näderdiň?

Sen näderdiň bombalansa şäheriň,

hem ýykylsa golaýdaky ähli zat?

Sen näderdiň galsaň sowukda öýsüz,

köçelerde ýeke-ýalňyz, dat-bidat?

Ne alaç ederdiň birleri gelip,

ýetim goýsa, eneň-ataň öldürip?

Hemem bar zadyňdan el ýuwsaň, dynsaň,

sümere hiç deşik tapmasaň dörüp?

Sen näderdiň aňkaň aşsa, döwülseň,

şaýat bolup aýdyp-diýip bolmaza?

Eger gaçsaň, nirä giderdiň gaçyp?

Ýa-da wagtyndan öň ýykylsaň, ölseň,

kim bilerdi gideniňi gelmeze?

Meniň özüm dileg edip aglardym,

hemem gowy güne umyt baglardym.

Teswirleri görkez

XS
SM
MD
LG