Sepleriň elýeterliligi

Tapylan delile görä, Müsüriň Sinaý ýarymadasynda ýykylan rus uçarynyň heläkçiligine «Yslam döwleti» topary tarapyndan goýlan bomba sebäp bolana meňzeýär.

Bu pikir 4-nji noýabrda, amerikan we ýewropa howpsuzlyk çeşmeleri tarapyndan aýdyldy.

"Uçaryň ýük goýulýan ýerinde ýa başga bir böleginde partlaýjy madda goýlana meňzeýär» diýip, bir amerikan resmisi SNN-e aýtdy.

Diňlenen telefon gepleşikleri bu bombany «Yslam döwleti» toparynyň Sinaýdaky bölüminiň goýandygy barada deslapky netijä gelmäge esas berýär diýip, amerikan resmisi aýdypdyr.

31-nji oktýabrda ýykylan rus uçarynyň bortunda 224 adam bardy.

XS
SM
MD
LG