Sepleriň elýeterliligi

Lahorda halas ediş dowam edýär


Pakistanyň Lahor şäheriniň golaýynda ýykylan zawodyň aşagynda galanlary halas etmek işleri dowam etdirilýär.

4-nji noýabrda çöken zawodyň aşagynda azyndan 18 adam galdy. Kranlar we buldozerler getirilip, esgerleriň, inženerleriň we ekspertleriň gatnaşmagynda gyssagly halas ediş çäreleri görüldi.

Zawodyň harabalygynyň aşagyndan 100 çemesi adamy çekip çykartmak başartdy. Resmiler zawod çökende, onuň içinde 150 çemesi adamyň bolandygyny aýdýarlar.

Emma işçiler bu sanyň has köp bolmagynyň hem mümkindigini öňe sürýärler.

XS
SM
MD
LG