Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Baku sudy diňlenişigi dikeldýär


Baku sudy 5-nji noýabrda türmä basylan adam hukuklary aktiwisti Leýla Ýunusyň we onuň adamsy Arif Ýunusyň şikaýatlary boýunça diňlenişigi dikeldýär diýip, olaryň aklawçysy aýdýar.

Aklawçy Elçin Sadikow Azatlyk radiosynyň Azerbaýjan gullugyna biz ýene Baku sudyndan bu är-aýaly tussaglykdan öý tussaglygyna geçirmegi haýyş etmekçi diýdi.

Sadikow suduň 5-nji oktýabrda bolan ozalky diňlenişikde bu jübüdiň işini Bakuwyň agyr jenaýatlar suduna iberendigini aýtdy.

Emma ol bu suduň entek höküm boýunça hiç bir reaksiýa bildirmändigini habar berdi.

Bakuwyň agyr jenaýatlar sudy awgustda Leýla Ýunusy we onuň hassa adamsy Arifi, ykdysady jenaýatlarda günäli diýip, degişlilikde 8 ýarym we 7 ýyl türme tussaglygyna höküm edipdi.

XS
SM
MD
LG