Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Orsýet Siriýa raketa sistemasyny iberýär


General polkownik Wiktor Bondarewiň 5-nji noýabrda «Komsomolskaýa prawda» gazetine aýtmagyna görä, Orsýet Siriýada uçara garşy ulanylýan raketa sistemasyny ýerleşdirmek kararyna geldi.

Rus generaly bu karara mümkin bolan ähli howp-hatarlary nazara almak esasynda gelnendigini aýdypdyr.

Mysal üçin, Siriýa bilen goňşulykdaky ýurtda harby uçar ogurlanyp, rus güýçlerine hüjüm etmekde ulanylyp biler diýip, general sözüniň üstüne goşýar.

Ol Siriýada ýerleşdiriljek raketa sistemasynyň tipini aýtmady.

XS
SM
MD
LG