Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

50 müň dollarlyk gulakjyn çykarylar


"Sennheiser" firmasynyň gulakjyny.
"Sennheiser" firmasynyň gulakjyny.

Mikrofon we gulakjyn diýlende ilkinji nobatda tanymal markalardan Germaniýanyň "Senheiser" firmasynyň ady ýada düşýär. Bu firma häzir ses diňlenýän gulakjynyň täze bir görnüşini taýýarlaýar.

Firmanyň 1991-nji ýylda öndüren "Orpheus HE90" kysymly önümi 16 müň dollara satylypdy we öz döwründe dünýäniň iň gowy gulakjyny hasap edilipdi.

"Orpheus HE90" kysymly gulakjyn çäkli sanda öndürilip, satuwa çykarylansoň, indi häzirki döwürde "eBay" we beýleki internet dükanlarynda özüne düşýän gymmatyndan iki esse gymmat bahadan satylýar.

Aradan 25 ýyl geçensoň firma indi 50 müň dollarlyk täze gulakjyn öndürmegiň ugruna çykdy.

Täze gulakjynyň sag tarapynda 8 sany DAC (döwrebap ses öwrüjiler) bar. Gulakjynyň esasy binýady mermerdir. Diafragmalaryň daşyna platina örülen. Elektrodlary gyzyl çaýylan. Ynha, täze önümi tapawutlandyrýan aýratynlyklar - şeýle kämil dizaýn.

Täze gulakjyn döwrebap ses öwrüjiler bilen o diýen gowy sazlaşmaýan sesleri ýa-da sazlary hem lezzet alarlyk derejede ýaňlandyrmaga ukyply. Haýsam bolsa bir aýdym-sazy diňlände, täze gulakjyn adamda, göýä konsert zalynda oturan ýaly duýgy döredýär.

10 ýyllap ykjam taýýarlanan "Senheiser Orpheus" täze görnüşi we aýratynlyklary bilen 2016-njy ýylyň ortalarynda 50 müň dollar bahadan satuwa çykarylar.

Bu gezek hem gulakjyn çäkli sanda öndüriler we ondan takmynan 250 sanysy satuwa çykarylar.

XS
SM
MD
LG