Sepleriň elýeterliligi

Orsýet 'bomba' çaklamasyndan nägile


Orsýetiň Müsürde heläkçilige uçran uçarynda wepat bolanlaryň biri Nina Luşçenko jaýlandy, Welikiý Nowgorod, 5-nji noýabr, 2015

Orsýetiň Müsürde heläkçilige uçran uçarynda wepat bolanlaryň biri Nina Luşçenko jaýlandy, Welikiý Nowgorod, 5-nji noýabr, 2015

Orsýet ýaňy-ýakynda Müsürde heläkçilige uçran uçarynda wepat bolan ilkinji pidasyny jaýlady. Şol bir wagtda-da ABŞ-nyň we Britaniýanyň resmileri uçaryň içinde bomba ýarylyp, ýere gaçyrylandygyny çak edýärler.

Kogalymawia/Metrojet tarapyndan dolandyrylan Airobus A321-200 kysymly uçaryň 31-nji oktýabrda Müsüriň Sinaý ýarymadasynda heläkçilige uçramagy zerarly 224 adam wepat boldy. Ýolagçylaryň köpüsi Müsüriň Gyzyl deňizdäki Şarm el-Şeýh kurortyndaky dynç alyşdan soň öýlerine barýan orsýetlilerdi.

Uçar heläkçiliginiň ilkinji pidasy 5-nji noýabrda Sankt-Peterburgyň 160 kilometr günortasynda ýerleşýän Welikiý Nowgorod şäherinde jaýlandy. Hossarlary 60 ýaşly Nina Luşenko bilen hoşlaşdylar.

Howa kärhanasynyň, şeýle-de Müsüriň we Orsýetiň resmileri uçaryň heläkçilige uçramagynyň anyk sebäplerini aýdardan entek irdigini nygtaýarlar, emma ABŞ-nyň we Britaniýanyň howpsuzlyk çeşmeleri hadysa boýunça geçiren öz barlaglarynyň uçaryň üstünde bomba ýarylandygyny görkezýändigini aýdýarlar.

Britaniýanyň çaklamasy

Britaniýanyň daşary işler sekretary Filip Hammond Britaniýanyň telewideniýesinde 5-nji noýabrda eden çykyşynda bomba hüjüminiň netijesidir öýdülip güman edilýän bu tragiki hadysanyň aňrysynda “Yslam döwleti” toparynyň ýatan bolmagynyň ahmaldygyny aýtdy.

Hammond “YD” toparynyň Sinaý ýarymadasyndaky bölüminiň Orsýetiň ýolagçy uçaryny urup ýykmagyň jogapkärçiligini öz üstüne alandygyny belledi.

Orsýetiň prezidenti Wladimir Putiniň metbugat wekili uçaryň heläk bolmagynyň sebäbi barada Hammondyň öňe süren çaklamalaryny derhal ret etdi.

Dmitriý Peskow 5-nji noýabrda žurnalistleriň öňünde çykyş edip, Orsýet heläkçiligiň sebäpleri barada “belli bir düşündiriş” berip bilmeýär, häzirlikçe sebäp hökmünde öňe sürlen islendik çaklamanyň toslama boljakdygyny aýtdy.

4-nji noýabrda ”Yslam döwletine” Sinaý ýarymadasyndaky ýaran bölüm özüniň “YD” toparyna wepaly bolmaga kasam etmeginiň bir ýyllygyny bellemek üçin bu hüjümi öňünden planlaşdyrandygyny habar berdi.

Howpsuzlyk boýunça resmiler we derňewçiler uçara daşyndan hüjüm edilen bolmagynyň gümanadygyny ýaňzydyp, Sinaý ýarymadasyndaky jeňçileriň dokuz müň metr beýiklikden barýan uçary urup ýykmak üçin gerek bolan tehnologiki ýaraga eýedikleriniň juda şübhelidigini belleýärler. Şol sebäpli-de esasy üns häzir agzalýan partlamanyň uçaryň öz içinde bolandyr diýen çaklama gönükdirildi.

Uçar heläkçiliginiň Britaniýanyň premýer-ministri Dewid Kameronyň Müsüriň prezidenti Abdel-Fattah el-Sissi bilen 5-nji noýabrda Londonda geçirýän gepleşikleriniň üns merkezinde bolmagy mümkin.

Adatdan daşary çäreler

Britaniýa Şarm el-Şeýhe gatnaýan uçarlaryny wagt möhleti belli bolmadyk aralykda ýatyrýandygyny yglan etdi. Filip Hammond britaniýaly syýahatçylaryň Gyzyl deňizdäki kurortdan öz ýurduna 6-njy noýabrda, Müsüriň aeroportynda ähli howpsuzlyk çäreleri berjaý edilensoň, dolanjakdyklaryny aýtdy.

Orsýetiň Sinaý ýarymadasynda heläkçilige uçran ýolagçy uçary Irlandiýada hasaba alnypdy we şol sebäpdenem Irlandiýanyň howaýollary häkimiýetleri derňewlere gatnaşýarlar.

Halas edijiler heläkçilige uçran uçarda wepat bolan adamlaryň 140-synyň jesedini we 100-den gowrak beden böleklerini tapdylar.

Orsýetiň Adatdan daşary ýagdaýlar boýunça ministrligi orsýetli halas edijileriň heläkçiligiň bolan ýerinde öz gözleg işlerini 5-nji noýabrda tamamlajakdyklaryny aýtdy.

Teswirleri görkez

XS
SM
MD
LG