Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Türkmeniň mesgeni


Türkmeniň mesgeni
Türkmeniň mesgeni

Bir gezek Daşoguz şäherinde bir günümi boş geçirmeli boldum. Wagt ýitirmezlik üçin, bir hojalyga gideýin, bir zat ýazaryn, ýazmasam hojalyk bilen tanşaryn diýen karara geldim. Welaýat resmileri maňa Sadulla Rozmetowyň hojalygyna gitmegi maslahat berdiler.

Tanymal hojalyk

Daşoguz etrabynda, aýratynam şäheriň töwerek-daşynda gadymy horezimliler oturýarlar. Olaryň medeniýeti-de, dilleri-de häzirki türkmenlerden tapawutly.

O döwürler hojalyga “TSSR-iň 40 ýyllygy” kolhozy diýilýärdi. Oňa Sosialistik Zähmetiň Gahrymany Sadulla Rozmetow ýolbaşçylyk edýärdi. Garaşsyzlykdan soňra ol Sadulla Rozmetow adyndaky daýhan birleşigi boldy.

Hojalyga aýlanyp ýörşüme bularyň hakykatdanam işi örän gowy ýola goýandygyna göz ýetirdim. Ekin meýdanlary, pagtaçylyk göze ýakymlydy.

Geň galdyran zat, hojalygyň gonamçylygy-da tertibe salnypdyr. Köne gonamçylygyň üstüne gum döküp, ony ep-esli beýgeldipdilerler, daşyna giň haýat aýlapdyrlar. Merhumlary başly-barat däl-de, bir tertip bilen jaýlaýan ekenler.

Adamlaryň gurply ýaşaýandygy tamynyň daşyndan görnüp duran oba köçelerine, giň ekin meýdanlaryna aýlanyp ýörşümize günortana ýetdik.

– Garyndaşlaryňy görjekmi? – diýip, meni hojalyga aýlap ýören adam garaşmadyk soragymy berdi.

– Elbetde, görjek. O nähili garyndaş? – diýip geň galdym.

Ol sesini çykarmady.

Biziňkiler

Biz gara baglyga bürenip oturan obalardan saýlanyp, ekin meýdanlaryndan çykyp, gök çägeli boşluga sowuldyk. Çägäniň derdinden, maşyn zordan ýöreýärdi.

Ep-esli gidemizsoň, gök çägäniň üstünde oturan syrgyn hatar göründi.

Maşyn sesine bir adam daş çykdy. Biz bilen salamlaşyp, içeri girip, çaýlaşmagy teklip etdi. Günortan bolansoň, onuň çaýyndan ýüz öwrümedik.

Çaý başynda ol özüniň ýomutdygyny, gadymdan bäri özbekleriň arasynda, şu gök çägäniň üstünde oturýandyklaryny gürrüň berdi hem şu syrgynyň ählisiniň türkmendigini aýtdy.

Geň galmakdan ýaňa, näme diýjegimi bilmedim. Sebäbi bu tanymal hojalykda, asla tutuş Daşoguz etrabynda beýle çägeli ýeri gündiziň günortany eliň çyraly aýlanyp tapmak kyn düşer. Ine, şeýle ýer bar ekeni. Hut şol çägäniň üstünde-de türkmenler mekan tutupdyr. Bar ýer ekin meýdany, töwerek-daş gara baglyk, bular bolsa çägäniň üstünde otyrlar. Hiç biriniň işiginde ýeke düýp agaç ýok.

Men myhman oturan tamy, özümize hyzmat edýän adamlary göz astyndan synlaýan. Hakykatdanam bular meniň garyndaşlarym.

Türkmeniň mekany

Türkmen diňe ol ýerde däl, ähli ýerde çöli – çägäni özüne mekan saýlapdyr.

Türkmenistandan daşardaky iň köplükde ýaşaýan ildeşlerimiz, Eýrandaky türkmenleri ýatlasak, olaryň topragynyň esasy ady Deşt-i-Gürgen („Gürgen çöli“). Ol topragyň ikinji bir ady Türkmensähra. Bilşimiz ýaly, sähra sözi-de çölüň medeniýetli görnüşidir.

Şol toprakda dünýä inen edebiýatçy alym Aşyrpur Meredow Aşgabatda ýaşan ýyllarynda, bütin ömrüne: „Deşt-i-Gürgen“ diýip gaýtalap geçdi. Ýogsam bolmasa, onuň obadaşlary bu topragyň Türkmensähra diýilmegini isleýärler. Ol welin „Deşt-i-Gürgen“ diýýärdi. Megerem, göwni şol çölde bolarly.

Çöllük ýurt

Çägelik ýeri, çölüstany özüne Watan diýip saýlan türkmenler oňa guwanýar. Çagalaryna çöl ýa-da çölüň ot-çöpi bilen baglanyşykly atlary dakýarlar.

Owganystanly belli edebiýatçy alym Muhammet Salyh Rasyk geň ýagdaýy gürrüň berdi.

Geçen asyryň başlarynda bolşewikleriň gurmak isleýän kollektiw hojalygyndan gaçyp, Owganystana baran türkmenlere ekin ekip, hasyl alyp bolaýjak ýerlerde oturmagy teklip edipdirler. Olar mundan ýüz öwrüp, Owganystanyň demirgazygyndaky iň ýowuz, ot-suwsuz hem çöllük ýerleri saýlap alypdyrlar.

„Bize şu ýer bes, malymyzy bakaly, bala-çagamyzy ösdürip ýetişdireli, soňra yzymyza dolanarys“ diýip, adam barmaz çöllükde mekan tutup galýarlar.

– Aglaba türkmen şindizem çöllük hem gurak ýerlerde oturýar. Suwlak ýerleri başga milletler eýeläp gitdi – diýip, Muhammmet Rasyk gynanç bilen gürrüň berýär.

Şahyryň arzuwy

Owaldan-ahyra bu milletiň mesgeni çäge bolsa gerek. Beýik akyldarymyz Magtymguly Pyragy hem türkmeniň Watanyny giň çöl hasaplapdyr.

Hyzyr gören çölde iller ýaýylsyn,

Ýurt binamyz gaýym bolsun, goýulsyn.

Bu şahyryň arzuw edişi ýaly boldy.

Hudaýberdi Hally, ýazyjy.

Bu ýerde aýdylanlar awtoryň pikiri.

XS
SM
MD
LG