Türkiýäniň polisiýasynyň Antaliýa şäherinde we onuň töwereginde “Yslam döwleti” toparyna bagly bolmakda güman edilýän 20 adamy tussag edendigi habar berilýär.
Habar berilişine görä, bu tutha-tutluk dünýäniň ykdysady taýdan iň ösen ýurtlaryny öz içine alýan “Uly-20” guramasynyň indiki hepdede Antaliýada geçiriljek sammitiniň öňüsyrasynda 30-njy oktýabrda amala aşyrylypdyr.
Tussag edilenleriň ikisiniň Orsýetiň raýatlarydygy aýdylýar.
Türkiýäniň polisiýasy soňky hepdelerde tutuş ýurt boýunça “YD” topary bilen baglylykda güman edilýän onlarça adamy saklady. Türkiýe goňşy Siriýada söweşijileriň hataryna goşulmak üçin barýanlaryň esasy ýoly hasaplanylýar.
Türkiýe “YD” toparyny geçen aýda Ankarada 100-den gowrak adamyň ölümine sebäp bolan goşa bomba partlamasyny amala aşyrmakda aýyplaýar.