Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

BMG Belarusy reforma çagyrdy


BMG-niň Belarusda adam hukuklary boýunça ýörite wekili Miklos Haraszti
BMG-niň Belarusda adam hukuklary boýunça ýörite wekili Miklos Haraszti

BMG-niň Belarusda adam hukuklary boýunça ýörite wekili ýurdy “mediany gysyjy dolandyryşy reformirlemek işine girişmäge çagyrdy”.

Miklos Haraszti Baş Assambleýa beren hasabatynda “Registrasiýa üsti bilen rugsat berýän we lisenziýalary eden-etdilikli ýatyrýan sistemada media garaşsyzlygy mümkin däl”, diýdi.

Şeýle-de ol pikirleriň internet arkaly mälim edilmeginiň ähli görnüşleriniň “hökümetiň göni gözegçiliginde saklanýandygyny” belledi.

Belarus 1994-nji ýyldan bäri Aleksandr Lukaşenko tarapyndan dolandyrylýar. Şu aýyň başynda geçirilen saýlawlaryň netijesinde Lukaşenko bäşinji gezek prezidentlige saýlandy. Günbatarly synçylar saýlawlaryň açyk we adalatly bolmandygyny aýtdylar.

XS
SM
MD
LG