Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

ABŞ Ukraina maliýe kömegini hödürledi


ABŞ-nyň wise-prezident Joe Biden, Nýu Ýork, sentýabr, 2015.
ABŞ-nyň wise-prezident Joe Biden, Nýu Ýork, sentýabr, 2015.

Ak Tam Ukraina korrupsiýa garşy göreşmek we reformalary geçirmek üçin üçünji gezek bir milliard dollarlyk karz pulunyň berilip bilinjekdigini mälim etdi.

Wise-prezident Joe Biden Ukrainanyň prezidenti Wiktor Ýanukowiç bilen telefon arkaly geçiren söhbetdeşliginde ABŞ-nyň kömek bermäge taýýardygyny, emma Kiýewiň başda ykdysady reformalary herekete getirmelidigini belledi.

ABŞ-nyň maliýe kömegi we Halkara Maliýe Fondunyň 1.7 milliard dollarlyk karzynyň berilmegi Ukrainanyň parlamentiniň we Maliýe ministrliginiň arasynda salgytlaryň üstünde turan gapma-garşylyk bilen baglylykda bökdelipdi.

4-nji noýabrda Ukrainanyň premýer-ministri Arseniý Ýatsenýuk salgytlaryň derejesi boýunça ylalaşyksyzlygyň hökümetiň 2016-njy ýyl boýunça býujetini sorag astyna goýýandygyny, sebäbi onuň daşary ýurtlaryň maliýe kömegi bilen baglydygyny duýdurdy.

XS
SM
MD
LG