Sepleriň elýeterliligi

Astana: Prokuror protestant dinçä 7 ýyl sorady


Gazagystanyň prokurorlary hristian dinine geçen gazagystanlyny dini ýigrenji tutaşdyrmak aýyplamasy esasynda ýedi ýyl türme tussaglygyna höküm etmegi suddan sorady.

Adwentistler kilisesiniň aktiw agzasy 54 ýaşly Ykylas Kabduakasow 9-njy oktýabrda Astanada suda çekildi.

Kabduakasow özüniň günäli däldigini aýdýar.

Onuň aklawçysy Gulnar Şaldykowa Kabduakasowa garşy gozgalan işi ýatyrmagy sorady.

Suduň kararynyň şu hepdede yglan edilmegine garaşylypdy.
Kabduakasow awgust aýynyň ortalarynda tussag astyna alyndy.

XS
SM
MD
LG