Sepleriň elýeterliligi

Stoltenberg: NATO rus harby güýçlenmesine garşy çykmaly


NATO güýçleri

NATO güýçleri

NATO Russiýanyň Baltikadan Ortaýer deňziniň gündogaryna çenli ornaşdyrýan harby potensialyna garşy durmaly diýip, Ýaranlygyň ýolbaşçysy Ýens Stoltenberg aýtdy.

Stoltenberg bu ýagdaýlar dowam etse, krizis ýüze çykan halatynda Moskwanyň möhüm nokatlary öz gözegçiliginde saklap bilmegi üçin mümkinçilikleriň döreýändigini aýtdy.

Portugaliýada geçirilýän NATO-nyň uruş türgenleşikleriniň çäginde eden çykyşynda Stoltenberg Moskwanyň Ukrainanyň içki işlerine ýaragly güýçler arkaly goşulmagy zerarly alada ulaşan gündogar ýurtlardaky agzalary üçin hem has köp hemaýatyň berilmelidigini belledi.

Günbatar bilen gatnaşyklary dartgynlaşandan soň Moskwa özüniň Baltika döwletleri bilen serhetleşýän Kaliningrad sebitindäki harbylarynyň sanyny artdyrdy.

Geçen ýyl Moskwa Krymy basyp alyp, özüniň Gara deňizdäki täsirini artdyrdy. Şu ýyl bolsa Kreml Ortaýer deňzindäki Siriýanyň portlarynda özüniň esgerlerini, awiasiýasyny we harby gämilerini ýerleşdirdi.

Stoltenberg Moskwanyň sebitdäki möhüm nokatlary kontrollygyna geçirmek üçin mümkinçiliklere eýe bolup başlandygyny duýduryp, Ýaranlygyň bu üýtgän ýagdaýlarda öz missiýasyny berjaý edip bilmegi üçin degişli çäreleri görmelidigini sözüne goşdy.

Stoltenbergiň bu ugurdan çykyşy Russiýanyň harbylarynyň sanynyň artmagy bilen Baltika döwletleriniň has köp alada galyp başlan pursatlaryna gabat geldi. Baltika döwletleri 28 agzaly NATO Ýaranlygynyň öz territoriýalarynda hemişelik harby bazalary ýerleşdirmegini hem teklip edýärler.

Mundan ozal NATO bu mümkinçiligi aradan aýyrýan Russiýa bilen 1997-nji ýylda baglaşylan ylalaşygyň şertleriniň bozulmajakdygyny mälim edipdi.

Emma Stoltenberg bu ýerlerde “biziň harbylarymyzyň bar bolmagy möhüm” diýip, “wagtlaýyn we hemişelik harby bazalarynyň arasyndaky tapawudy gormeýändigini” hem belledi.

Ukrain krizisi ýüze çykandan soň NATO regiona özüniň esgerlerini, gämilerini we uçarlaryny ýerleşdirdi.

“Biz eýýäm özümiziň sebitdäki sanymyzy artdyryp, ony mundan beýläk hem köpeltmek barada pikir edýäris” diýip, NATO-nyň ýolbaşçysy bu baradaky teklipleriň Ýaranlygyň geljek ýyl geçiriljek sammitinde maslahat ediljekdigini aýtdy.

Russiýanyň Ukraina girmeginden soň NATO özüniň goranyş pudagyna goýberilýän maliýe serişdelerine täzeden garap, özüniň esgerleriniň sanyny iki esse çemesi artdyryp, olaryň sanyny 40 müňe ýetirdi.

XS
SM
MD
LG