Sepleriň elýeterliligi

Kärizow: Adamlary gorkuzyp tabyn edýärler


Geldi Kärizowyň tussaglykdaky suraty

Geldi Kärizowyň tussaglykdaky suraty

Merkezi Aziýa ýurtlary barada gepleşik berýän täzelikler telekanaly - "Central Asia TV" tanymal türkmen atşynasy, ozalky ministr Geldi Kärizowy türkmen režiminiň repressiýasyndan diri gutulan az sanly syýasy tussaglaryň biri atlandyrýar.

«Ol ilkinji prezident Saparmyrat Nyýazow – özüni türmä basan Türkmenbaşy döwründe hem türmede oturmaga ýetişdi, häzirki prezident Gurbanguly Berdimuhamedow – özüni azatlyga goýbermedik Arkadag döwründe hem türmede oturyp gördi» diýip, dokumental filmiň başynda aýdylýar.

Şeýle-de filmde Geldi Kärizowyň soňky döwürde Türkmenistandan azatlyga çykan tasdan ýeke-täk dissidentdigi bellenilýär. «Munuň üçin oňa Aşgabatda birnäçe, hatda Moskwada hem bir gezek hüjüm edildi» diýip, rus telewideniýesiniň žurnalisti, programmanyň awtory we alyp baryjy Andreý Rýabçenko aýdýar.

Halkyň şu günki ýagdaýy

Geldi Kärizow filmiň başynda şu günki gün ilatyň hal-ýagdaýy, pikir-oýy baradaky soraga jogap berip, ilatyň nägiledigini, käbir ýagdaýlarda gazaba çykandygyny, käte köprülerden «meniň bar aladam ýegenlerim bolar» diýen ýaly ýazgylary asyp goýýandyklaryny aýdýar.

Geldi Kärizow halkyň gahar-gazabynyň bir böleginiň gurluşyklar, Aşgabatda geçiriljek sport oýunlary zerarly jaýlaryň ýykylmagy bilen baglydygyny, adamlaryň emläginden mahrum edilýändigini aýdýar.

Şeýle-de ol prezident Berdimuhamedowyň döwründe resmileriň prezident bilen dyza çöküp diýen ýaly görüşmäge mejbur edilýändigini, elini ogşatmagy gowy gören Nyýazowyň hem türkmeni beýle kiçeltmändigini belleýär.

Şol bir wagtda, Geldi Kärizowyň sözlerine görä, ýurtda döredilen gorky-howatyr sistemasy adamlary tabyn bolmaga mejbur edýär.

Geldi Kärizow we onuň aýaly Ýuliýa Serebrýannik bilen söhbetdeşlik esasynda taýýarlanan filmiň içinden türme temasy eriş-argaç bolup geçýär.

Türme şertleri

Geldi Kärizow türmedäki adamlaryň we olaryň garyndaşlarynyň özara görüşmek, habarlaşmak hukuklarynyň asla sylanmaýandygyny gürrüň berýär.

Filmde Geldi Kärizowyň ömür beren işi – atçylyk, onuň ahal-teke atlaryny ete tabşyrylmakdan halas edip, gadymdan gelýän atşynaslyk medeniýetini dikeltmek ugrunda eden işleri hakynda, ýurtdaky syýasy ýagdaýlar bilen baglylykda, degişli wideoşekilleri ulanmak bilen, töwerekleýin gürrüň edilýär.

Şol iş, atlara bolan yhlasy hem ony kyn günleriň üstünden getirýär. Ýagny ol ilki at ogurlygynda, soňra geleňsizlikde aýyplanýar we ahyrynda atçylyk bilen meşgullanmakdan mahrum edilýär.

Geldi Kärizow özüniň türmeden boşamagynda maşgalasynyň oýnan roluny belläp, aýalynyň we beýlekileriň hakykaty bütin dünýä ýetirmekde uly iş edendiklerini gürrüň berýär. Netijede, at ogurlygy baradaky aýyplamalaryň güýjüni ýitirmegine hem aýalynyň delillendirip ýazan hatlary sebäp bolupdyr, sebäbi bu ýagdaý daşary ýurt guramalaryndan ogurlandy diýilýän atlaryň dokumentleri – ady, tohumy bilen bagly maglumatlaryň görkezilmegini talap edýän hatlaryň ýazylmagyna sebäp bolupdyr.

Geldi Kärizow filmde «Owdandepe» türmesindäki şertler barada hem maglumat berýär. Ony bu türmä kellesine halta geýdirip eltýärler we ol haltany diňe oturjak kamerasynyň agzynda aýyrýarlar.

Ol kameranyň gapysynyň gulply we möhürli bolandygyny, diwarda bolsa üç gullugyň – MHM-niň, IIM-iň we prokuraturanyň wekilleriniň gatnaşmagynda açmaly diýlip ýazylandygyny, ol gapynyň hepdede diňe bir gezek açylýandygyny aýdýar.

'Jogap bermeli bolar'

Ýuliýa Serebrýannik – dissidentiň aýaly Birleşen Ştatlaryň döwlet sekretary Jon Kerriniň Merkezi Aziýa sapary we bu maşgalanyň ýokary derejelerde edilmegini isleýän gürrüňi baradaky soraga jogap berip, prezidentiň öz halkyna jogap berýändigini, adamlaryň türmede çüýremeli däldigini we talap edilse, ýagdaýyň üýtgejekdigini aýdýar.

Geldi Kärizow filmiň soňunda garyndaşlarynyň ýanamalara sezewar edilmek howpy barada gürrüň açyp, prezidentiň we onuň töweregindäkileriň hem garyndaşlarynyň bardygyny, edilen işler üçin jogap bermeli boljagyny ýatladýar.

Teswirleri görkez

XS
SM
MD
LG