Sepleriň elýeterliligi

Riga: Orsýet gaz geçirijisi ýazgaryldy


Ukrainanyň premýer-ministri Arseniý Ýatsenýuk, Riga, 6-njy noýabr, 2015

Ukrainanyň premýer-ministri Arseniý Ýatsenýuk, Riga, 6-njy noýabr, 2015

Ukrainanyň we Baltiýa döwletleriniň liderleri Baltik deňziniň düýbünden Orsýetden Germaniýa tarap “Demirgazyk akym” gaz geçirijisiniň planlaşdyrylan ikinji tapgyryna garşy çykdylar.

Bu proýektiň öz gaz geçiriji sistemasyndan girdeji alýan Ukrainanyň ýylda iki milliard dollar zyýan çekjekdigini aňladýar, diýip Ukrainanyň premýer-ministri Arseniý Ýatsenýuk 5-nji noýabrda Rigada geçirilen Baltiýa döwletleriniň liderleriniň sammitinde aýtdy.

Polşa we Slowakia ýylda gaz tranzitinden alýan girdejilerinden 300 we 800 million amerikan dollary möçberde ýitgi çekerler, bu Ýewropa Bileleşigini hakyky energiýa garaşsyzlygyndan mahrum eder, diýip Ýansenýuk belledi.

Geçen ýyldan bäri orsýetçi separatistler bilen söweşýän ukrainanyň hökümetiniň baştutany Arseniý Ýatsenýuk Ýewropa Bileleşigini meseläni “çynlakaý” öwrenmäge çagyrdy.

XS
SM
MD
LG