Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Ukraina "Demirgazyk akymy” tankytlaýar


Litwanyň premýer-ministri Algirdas Butkewiçius (çepden saga), Ukrainanyň premýer-ministri Arseniý Ýatsenýuk, Latwivany[ premver-ministri Laimdota Straujuma we Estoniýanyň premýer-ministri Taawi Roiwas. 5-nji noýabr, 2015 ý. Riga.
Litwanyň premýer-ministri Algirdas Butkewiçius (çepden saga), Ukrainanyň premýer-ministri Arseniý Ýatsenýuk, Latwivany[ premver-ministri Laimdota Straujuma we Estoniýanyň premýer-ministri Taawi Roiwas. 5-nji noýabr, 2015 ý. Riga.

Ukraina bilen baltika döwletleriniň liderleri Orsýetden Germaniýa gaz akdyrmak üçin Baltika deňziniň aşagyndan gurulmagy planlaşdyrylan "Demirgazyk akym-2" gazgeçirijisini tankytlaýarlar.

5-nji noýabrda Rigada geçen metbugat ýygnagynda Ukrainanyň premýer-ministri Arseniý Ýatsenýuk bu proýekt Ukraina ýylda iki milliard dollar zyýan ýetirer diýdi. Bu pul ýylda Ukraina tölenýän tranzit haky.

Ýatsenýugyň aýtmagyna görä, Polşanyň ýitirýän puly ýylda 300 million dollara, Slowakiýanyňky hem ýylda 800 million dollara deň bolar. Proýekt şeýle hem Ýewropa Bileleşigini hakyky energiýa garaşsyzlygyndan mahrum eder.

“Aladaly”

Ukrainanyň premýer-ministri: "Biziň pikirimizçe, bu proýektiň ykdysady meselelere daýanýan hiç bir zady ýok. Ol bir syýasy mesele" diýdi.

Hökümeti öten ýyldan bäri gündogar Ukrainada Orsýet tarapyndan goldanylýan separatistlere garşy söweş alyp barýan Ýatsenýuk Ýewropa Bileleşigini bu meseläni "çynlakaý" barlamaga çagyrdy.

Ol Moskwanyň "Ýewropa Bileleşiginiň hem energiýa bazaryna kontrollyk etmegine" ýol berilmeli däl diýip, duýduryş berdi.

Latwiýanyň premýer-ministri Laimdota Straujuma hem özüniň proýekt barada gaty "aladalydygyny" aýdyp, Ýewropa Bileleşigini planlaşdyrylan suwasty geçirijini tutuşlygyna gözden geçirmäge çagyrdy.

Gazgeçirijiniň gurluşygy haçan başlanar?

Estoniýanyň premýer-ministri Taawi Roiwas planyň Ýewropa Bileleşiniň düzgünlerine gabat gelýändigini sorag astyna alyp: "Munuň Ukrainanyň gaz üpjünçiligine örän ýaramaz täsir etjekdigi mese-mälim" diýdi.

Iýun aýynda ”Gazprom”, konflkitli Ukrainadan we Polşadan sowa geçjek "Demirgazyk akym-2" gazgeçirijisini gurmak barada öz günbatar ýewropaly söwda ýaranlary Anglo-Dutç Şell, Germaniýanyň E-ON we Astriýanyň OMW kompaniýalary bilen ylalaşdy.

Baltika deňziniň aşagyndan Orsýetden Germaniýa çenli bolan geçirijiniň ýylda 55 milliard kubometr gaz geçirmäge güýji bolup, iki ýurdy birikdirýän häzirki geçirijiniň akdyrýan gazynyň mukdaryny iki esse artdyrar.

Ylalaşykda gurluşyga haçan başlanmalydygy aýdylanok.

Täze geçiriji hem Germaniýa hem-de Orsýet üçin gyşyna - Ukraina-Orsýet arasynda hemişe diýen ýaly gaz meselesinde ýüze çykýan oňuşmazlyk sebäpli - döreýän gaz üpjünçiligi baradaky näbellilikleri aradan aýrar. Ol şeýle hem Germaniýanyň täsirini güýçlendirip, ony ors gazyny günbatar Ýewropa paýlaýan ýurda öwrer.

XS
SM
MD
LG