Sepleriň elýeterliligi

logo-print

Hytaý, Taýwan liderleri duşuşdy


Hytaýyň we Taýwanyň prezidentleri iki tarapyň liderleriniň arasynda altmyş ýylda geçirilen birinji sammitde elleşip görüşdi.

Hytaýyň prezidenti Si Jinpiň bilen Taýwanyň prezidenti Ma Ýiň-jou 7-nji noýabrda, Singupurda, ýapyk gapylaryň arkasynda bir sagatlyk gepleşik geçirdi.

Hytaýyň prezidenti Si duşuşygyň başynda Hytaý we Taýwan “bir maşgala boldy” diýdi we olaryň bir-birinden aýrylyp bilmejegini aýtdy.

Ma Taýwan bogazynyň üstünde parahatçylygy berkitmekden ugur alýandygyny aýdyp, gatnaşyklaryň ak ýüreklilige, akyl-paýhasa we sabyrlylyga esaslanmalydygyny sözüne goşdy.

Bu gepleşikleriň başlanandygy baradaky habar Taýwanda Hytaýa garşy çekişmeleriň möwjemegine itergi berdi.

XS
SM
MD
LG