Sepleriň elýeterliligi

Rus uçarynyň 'gapyrjagy' bomba yşaratyny berýär


Fransuz mediasy geçen hepde Müsürde ýykylan rus uçarynyň gara gapyrjagynyň maglumatlaryna görä, onuň birden, uçuşyň ortasynda elhenç partlama esasynda ýykylandygyny ýazýar.

6-njy noýabrdaky habarlarda, eger tassyklansa, uçaryň bomba esasynda ýykylandygynyň ilkinji deliliniň peýda bolandygy aýdylýar.

Ozal bu uçaryň bomba esasynda ýykylan bolmagynyň ähtimaldygy aýdylypdy.

“France 2 TV”, uçaryň gara gapyrjagynyň maglumatlaryndan habarly bir derňewçä salgylanyp, uçar wagtynda partlama sesiniň aýyl-saýyl eşidilendigini aýdýar.

Emma Fransiýanyň hadysalar derňewi gullugy AP habar gullugyna bu habary tassyklap bilmejegini aýdypdyr.

XS
SM
MD
LG