Sepleriň elýeterliligi

Pakistan: Gyzyny ten satmaga satjak ata tutuldy


Pakistan häkimiýetleri bir adamy 12 ýaşly gyzyny ten satmagy satmakçy bolmakda aýyplaýar. Satylmakçy bolan gyz we onuň erkek dogany bu barada polisiýa habar beripdir we ol adamyň ozalam maşgala agzalaryny satandygy aýdylýar.

Pakistanyň polisiýasy özüniň 12 ýaşly gyzyny jelepçilige satmagy planlaşdyran bir adamy tussag etdi. Bu waka ýurduň däp boýunça esasan erkekleriň agalygynda ýerleşýän künjeklerinde aýallara we çagalara edilýän elhenç haksyzlyga ünsi çekýär.

AÝ/AR-nyň bu niýetiň pidasy bolmaly Nuşin we onuň dogany bilen geçiren söhbetdeşlikleri Adalat Hanyň ozalam azyndan iki gyzyny we olaryň ejesini erk-ygtyrýasyz gyrnaklyga ýa-da ondanam beterine satyp, girdeji görendigini görkezýär. Adalat Han Pakistanyň demirgazyk-günbatardaky tire sebitindendir.

Tölegiň ýa-da galyňyň möçberi birnäçe ýüz dollardan daşary ýurt wizasy aralygynda bolup, soňky bir işde 200 müň rupiýa ($1,900) ýetdi. Bu pakistanda gara işde zähmet çekýäniň bir ýyllyk aýlygyna barabar puldur.

Tussaglykdaky ata ozal iki gyzyny «göçürendigini» boýun alýar, emma Nuşini diňe «Allanyň hatyrasy üçin» bermekçi bolandygyny aýdyp, aýak depýär.

Pakistan häkimiýetleri ýaş adamlary, hususan-da gyzlary satmagyň, şeýle-de ýaş çagalary durmuşa çykarmak ýaly galman gelýän edehediň öňüni almak üçin jemgyýetçilik söweşine başladylar.

Emma aýallaryň we gyzlaryň ejir çekmegi dowam edýär.

Bikanun çemeleşme

Pakistan polisiýasy Hany 26-njy oktýabrda, Peşewar şäheriniň golaýyndaky Sar Deri obasynda, öýüne reýd geçirmek arkaly tussag etdi.

Polisiýa onuň, arada durýan dellal arkaly, Nuşini 200 müň rupiýa Panjab welaýatyndan gelen iki sany erkege satmaga razy bolyndygyny öňe sürýär.

Imran Han - Sar Deriniň polisiýa başlygy Hanyň Pakistanyň Jenaýat kanunçylygy esasynda, kämillik ýaşyna ýetmedik gyzyny jelepçilige satmakçy bolandygy üçin tussag edilendigini aýdýar. Gyzy satyn almakçy bolan iki alyjy 70 ýaşlaryndaky araçy aýal bolsa, ýaş gyzy jelepçilik maksatlary esasynda satyn almak synanyşygynda aýyplanýar.

Güman edilýänleriň her biri, günäli tapylan ýagdaýlarynda, 25 ýyl türme tussaglygy bilen ýüzbe-ýüz bolar.

Dogany bilen bilelikde polisiýanyň goragynda goýlan Nuşin Azatlyk radiosynyň Pakistan gullugyna – Maşal radiosyna kakasynyň ozal öz ejesini we iki doganyny satandygyny gürrüň berdi.

"Men eýýäm ejemi we iki aýal doganymy ýitirdim» diýip, gözýaşyny saklamaga çalşyp titreýän gyz aýdýar. «Indi ol meni iki sany panjaply erkege satjak boldy. Men olaryň özümi nä güne saljagyny bilemok.»

Pakistanda maşgala agzalary tarapyndan satylan ýaş gyzlar ýygy-ýygydan jynsy gyrnakçylyga uçraýar, hyzmatkär ýa-da, erkekleriň birnäçe aýal alýan ýerlerinde, baý adamlaryň aýaly bolmaly bolýar.

Pakistanda kanun çaga öýlenmegi gadagan edýär. Gyzlar kanun boýunça 16 ýaşanda, oglanlar 18 ýaşanda durmuş gurup bilýär.

Emma çuňňur konserwatiw ýurtda maşgalalaryň öz ýaş gyzlaryny olaryň şahsy meýline garamazdan durmuşa çykarmak adaty bir zat.

Nuşin öz gümanyny 18 ýaşyndaky erkek dogany Rezwanullah bilen geňeşendigini, netijede onuň kakasynyň planlaryny polisiýa ýetirendigini aýdýar.

"Ilki ol meniň ejemi satdy, soň iki aýal doganymy satdy» diýip, Rezwanullah ol wagtlar özüniň örän ýaş bolandygyny aýdýar. Şeýle-de ol ejesini, doganlaryny kän bir göz öňüne hem getirip bilmeýändigini, olaryň niredeliginden bolsa asla habarsyzdygyny gürrüň berýär.

"Uýam maňa kakamyzyň özüni satmakçy bolýandygyny aýtdy» diýip, Rezwanullah aýdýar. «Onsoň men ony alyp, daýzamlaryň öýüne gaçdym.»

Onuň kakasy Nuşini alyp gitmek üçin daýzalaryna gelende bolsa, ol polisiýany çagyrypdyr.

Höçjet problema

Pakistanda çagalaryň durmuşa çykarylyşy barada ynamdar statistika ýok, sebäbi bu iş boýunça polisiýa berilýän habar az we hökümet olaryň hasabyny ýöredip ýörmeýär.

Emma UNICEF-iň 2014-nji ýyldaky Dünýäniň çagalary hasabaty boýunça, Pakistanda gyzlaryň ýedi prosenti 15 ýaşdan aşakda durmuşa çykarylýar.
«Çagalary halas et» atly halkara sahawat guramasynyň sanlaryna görä, Pakistanda gelinlikleriň 40 prosentden gowragy 18 ýaşdan aşakda, durmuşa çykan aýallaryň aýallaryň sekiz prosenti bolsa eýýäm 15-19 ýaşynda çaga enesi bolýar.

Adalat Han özüniň ozalky iki gyzyny «göçüreni» üçin pul alandygyny boýun alýar.

"meniň uly gyzym Hatyn – güman edilýän araçy aýal – tarapyndan 30 müň rupiýa, häzirki nyrh boýunça 300 dollar çemesi pula satyldy» diýip, Han aýdýar. «Men öz beýleki gyzym Guldastany onuň geljekki adamsy maňa wiza alyp bereninden soň berdim.»

Han özüniň Saud Arabystanyna gitmek üçin wiza alandygyny, Pakistana dolanmazdan öň ol ýerde iki ýyla golaý işländigini aýdýar.

Polisiýa Hatyny Nuşini satmagy gurnamakda aýyplaýar, ol munuň üçin geljekki alyjylardan 70 müň rupiýa alypdyr.

"Kurandan ant içýärin, men Nuşini öz agtygym üçin diledim we kakasy razy boldy» diýip, Hatyn bu aýyplamany ret edýär. «Siz onuň barmagynda nyşanlanma ýüzügini hem görüp bilersiňiz» diýip, ol aýdýar.

Peşawarly Şabir Janyň habary esasynda Frud Bezhan tarapyndan ýazyldy. Iňlisçeden terjime eden Ýowşan Annagurban.

Teswirleri görkez

XS
SM
MD
LG