Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

YD 37 ýesiri boşatdy


“Yslam döwleti” topary demirgazyk-gündogar Siriýada 37 sany assiriýaly hristian ýaşulysyny azat etdi diýip, gözegçi topar habar berýär.

Assiriýa Adam hukuklary topary ýesirleriň, köpüsi ýaşuly, 7-nji noýabrda Tel Tamer şäherine dolanyp gelendigini, olaryň saglyk ýagdaýlarynyň gowudygyny aýdýar.

Siriýanyň Adam hukuklary obserwatoriýasy olaryň azat edilmegi üçin arap tireleriniň ýaşulularynyň jeňçiler bilen gepleşip, araçylyk edendigini aýdýar.

Boşadylan zamunlar fewralda, Habur sebitinde “Yslam döwleti” topary tarapyndan 200-den gowrak assiriýaly hristian ýesir alnanda tutulypdy.

XS
SM
MD
LG