Sepleriň elýeterliligi

Karter: Orsýet dünýä düzgünine wehim salýar


ABŞ-nyň goranmak sekretary Aşton Karter

ABŞ-nyň goranmak sekretary Aşton Karter

ABŞ-nyň goranmak sekretary Aşton Karter Ukraina gatyşmalaryna we ýadro ýaraglary babatdaky netijesiz gepleşiklere salgylanyp, Orsýeti dünýä düzgünine wehim abandyrmakda aýyplady.

Karter Orsýet deňizde-de, howada-da, kosmosda we internet giňişliginde-de «çylşyrymly işjeňliklere» baş goşýar diýdi.

Karter ABŞ-nyň goranyş edarasynyň rus agressiýasynyň öňüni almak we amerikan ýaranlaryny goramak üçin döredijilikli ýollary agtarýandygyny hem sözüne goşdy.

Ol bu sözleri 7-nji noýabrda, Kaliforniýanyň Simi ýaýlasynda, Ronald Reýgan adyndaky prezident kitaphanasynda, Aziýa sekiz günlük syýahatyndan soň aýtdy.

Şeýle-de Karter Hytaýyň giňeýän täsiri we ýokarlanýan harby kuwwaty babatda alada bildirdi.

XS
SM
MD
LG