Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Horwatiýada parlament saýlanýar


Horwatiýada ýurt 2013-nji ýylda Ýewropa Bileleşigine goşulaly bäri ilkinji parlament saýlawlary geçirilýär.

8-nji noýabrda geçýän saýlawlarda konserwatiwler häkimiýete gelse, Horwatiýanyň üstünden geçýän migrant akymyna garşy berk çäreleriň görülmegi mümkin.

Sentýabryň ortasyndan bäri bu ýurduň üstünden 300 müňden gowrak migrant has baý Ýewropa ýurtlaryna geçdi.

Oppozisiýadaky Horwat Demokratik birleşigi, sekiz partiýanyň bileleşmegindäki Watançy koalisiýa ýolbaşçylyk edip, dolandyryjy Sosial demokratlary migrantlar babatda has eglişikli bolmakda günäledi.

Watançy koalisiýa Serbiýa bilen serhetde, migrantlaryň Horwatiýa girýän ýerlerinde goşun ýerleşdirmegi, haýat gurmagy talap edýär. 3.8 milliona golaý horwatiýaly ses bermäge hakly.

XS
SM
MD
LG