Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Zawod pidalary 44-e ýetdi


Pakistanyň Lahor şäheriniň golaýynda çöken zawodyň harabasynda ölenleriň sany 8-nji noýabrda 44-e ýetdi.

Lahoryň ýokary derejeli resmisi AFP habar gullugyna 41 jesediň tapylandygyny, üç işçiniň bolsa hassahanada ölendigini aýtdy.

Resmiler 4-nji noýabrda çöken zawodyň içinde 150 çemesi adamyň bolandygyny aýdýarlar.
6-njy noýabrda 50 sagatlap harabanyň astynda galan bir oglan diri tapyldy, maşgalasy onuň ölendigini çak edýärdi.

Şahidiň ýegeni Kalim Ullah onuň maşgalasyna biraz öň hassahanadan tanap bolmajak bir jeset berlendigini aýtdy.

Ol jeset Şahida biraz çalym edýän eken. Onsoň ony Şahid diýip, topraga tabşyrypdyrlar.

Halas edijiler 4-nji noýabrda Lahoruň günortasynda ýykylan binanyň aşagyndan 100-den gowrak adamy halas etdiler.

XS
SM
MD
LG